• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Fly Elephant: ilkinji uçýan 3D printer

Hytaýyň DediBot kompaniýasy uçýan Fly Elephant 3D printeri döretmegi başardylar. Bu uçujy apparat bolup, ol 3D printeriň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu apparat islendik figurany üç ölçegi bilen nusgalamaga ukyply bolup, onuň esasy aýratynlygy hem 0,1 mm takyklykda nusgalaýandygyndadyr. Ondan başgada bu apparat özi ýaly şeýle apparat bilen ylalaşykly işlemäge ukyply bolup, şol bir figurany dürli materiallardan nusgalamaga mümkinçilik berýär.

Şeýlede ýerden üzňe işläp bilýän bu enjam islendik beýiklikdäki figurany hem nusgalap biler. Bu apparatyň artykmaçlyklary ýaly kemçilikleri hem bardyr. Ýagny onuň batareýasynyň elektrik zarýady çalt harçlanmak bilen az wagta ýetýär. DediBot kompaniýasy bu meseläni simsiz zarýat beriji tehnologiýany apparata ornaşdyrmak arkaly ýeňip geçmekçi bolýar. Ondan başgada häzirki wagtda kompaniýa bu printeriň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ugrunda işleri alyp barýarlar.