• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Garagum sährasynyň täsinligi

 

Garagum sährasy Afrikanyň çöllükleri ýaly birsydyr­gyn gör­nüş­li bol­man, te­bi­gy köp­dür­lü­li­gi bi­len tä­sir gal­dyr­ýar. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň mer­ke­zi bö­le­gin­de, Derwezäniň töwereginde köp wagt mundan ozal emele gelen çuň gorplary görmek bolýar. Olaryň käbirinden ýa­lyn­ly ot sow­ru­lyp, ýo­ka­ry gal­ýar. Der­we­ze iki ta­ra­pyn­da uly çul­ba­lar, de­pe­ler bo­lan ta­kyr­da ýer­leş­ýär. Der­we­ze sö­zi “açyk ga­py” ma­ny­synda bo­lup, ol de­pe­le­riň ara­syn­da­ky ge­çel­ge­le­ri aň­lad­ýar. Garagum sährasyndaky gaz kraterini “Garagumuň ýal­ky­my” di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Ol Ýer­bent oba­syn­dan 90 ki­lo­metr uzak­da ýer­leş­ýär. Kra­te­riň dia­met­ri 60 met­re, çuň­lu­gy 20 met­re go­laý­dyr. “Ga­ra­gu­muň ýal­kymy” ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ryn­da, şeý­le-de da­şa­ry ýurt­ly syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän ýerleriň biri­dir. 1971-nji ýyl­da ne­bit-gaz göz­leý­ji­ler tö­tän­den gaz käniniň üstünden barýarlar. Ol ýerde burawlaýyş işleri ge­çi­ri­len­de ini 70 metr­lik, aşa­gy boş­luk bo­lan giň çu­kur eme­le ge­lip­dir. Şeý­le-de, bu ýer­de Der­we­zä­niň tö­we­re­gin­dä­ki Kü­kürt­li, Ae­ro­port, Ata­gu­ýy, Ata­beg ýa­ly obalaryň özboluşly medeni ýaşaýyş-durmuş täsinliklerini görmek bolýar.

Kü­kürt­li — Der­we­ze se­bi­tin­de ýer­leş­ýän oba, oňa Üç­ta­kyr hem diý­lip­dir. Ata­gu­ýy — Der­we­ze se­bi­tin­de uly oba we süý­ji, bol suw­ly gu­ýu­dyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanyp gelipdir. Hal­ky­myz ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy, meş­gul­la­nan kär­le­ri bi­len baglanyşykly däp-dessurlary döredipdir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ga­ra­gum säh­ra­ly­gyn­dan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ga­dy­my ug­ry bi­len XX asy­ryň bi­rin­ji çär­ýe­gi­ne çen­li ker­wen­ler gat­nap­dyr. Ýo­luň ug­run­da guýular we ilatly ýerler ýerleşipdir. Garagum sähralygynda awtoralliniň geçýän ugrunda taryhda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çaşgyn obasyndan Garabogaz kölüniň golaýyndaky Tüwergyra çenli giň sebitlerde bol suwly guýular bolupdyr. Häzir­ki wagt­da bu ta­ry­hy ýer­ler­de Dam­la, Mür­ze­çyr­la, Ak­gu­ýy, Sül­men, Otuz­gu­laç ýa­ly bir­nä­çe oba ýer­leş­ýär. Garagum sährasyndaky obalarda ilat maldarçylyk bilen meş­gul­la­nyp­dyr.

 

Bu ýer­ler­den Be­ýik Ýü­pek ýo­ly bo­ýunça ge­çen tä­jir­ler mal­dar­lar­dan et, süýt, ýüň önüm­le­ri­ni satyn alypdyrlar. Garagum sährasynda maldarçylyk bilen meşgullanan ilatyň giňden ýaýran däpleriniň biri sürini otdan geçirmek bo­lup­dyr. Bu däp di­ňe türk­men­ler­de däl, eý­sem Or­ta Aziýanyň beýleki käbir halklarynda-da bardyr. Türkmen maldarlary bu däbi mallary gyşlatmagyň sag-aman sowulmagy hem-de geljekde mallaryň baş sanynyň artmagy bilen baglanyşykly ýaz baýramy hökmünde belläpdirler. Bu däp ýazlaga geçmegiň öň ýanynda ýerine ýetiril­ýär. Onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi, adat­ça, türk­men­ler­de sähetli güne gabat getirilýär. Bu däp türkmen maldarlarynyň arasynda şeýle görnüşde ýerine ýetirilýär: uly bol­ma­dyk ara­daş­lyk­da ýow­şan, sel­me, ga­ra­gan we ş.m. üý­şü­rip, iki sa­ny ot ýa­kyp, ola­ryň ara­syn­dan sürini geçirýärler. Ilki bilen çopan erkeç goýunlary ge­çir­ýär, soň­ra ça­ga­lar, aýal­lar we beý­le­ki er­kek adamlar «gyw-gyw» sesleri bilen galan sürini geçirýärler. Süriniň yz ýanyndan iki oduň arasyndan mallaryň eýeleri öz maşgalalary we düýä ýüklenen emläkleri bilen geçipdirler.

Çarwa maldarlar gyşky duralgasyny go­ýup, tä­ze ýe­re, ýag­ny ýaz­la­ga ge­çip­dir­ler. Mal­dar­lar şu dä­bi ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ot öz­le­ri­ni hem-de mal­la­ry­ny köne ýerde galjak betbagtçylyklardan we kesellerden gorap biler diýip ynanypdyrlar. Mallar otlaryň arasyndan geçirilende adatça: «Dert-bela galsyn!» diýlipdir. Agzalan bu däp Ahal sebitiniň maldarlarynda «Tapyk» ýa-da «Sürini tapykdan geçirmek» diýen at bilen mälimdir. Türk­men­ler­de “şa­man ot” diý­lip at ber­len des­sur hem bolupdyr. Şaman ody ýedi öýden ýedi odun alyp hem ýakypdyrlar. Şaman oduň töwereginde döwre guran ýaşlar şadyýanlyk bilen: — Şaman ot, şaman ot, Derdimize ýaran ot — diýip seslenipdirler. Ynan­ja gö­rä, ot ada­my dert­den, be­la-be­ter­den, göz deg­mek­den go­ra­ýar diý­lip dü­şün­ilýär.

 

Der­di dep et­mek, günäden saplanmak üçin otdan bökülipdir. Otdan böken adamyň yüzüne suw sepilýär. Bu bolsa ot bilen suwuň keramatly hasaplanýandygyny görkezýär. Ody düýşüňde gör­seň, go­wu­ly­ga ýo­rul­ýar. “Ot — oraz” di­ýil­me­gi­niň düýp sebäbi hem şundadyr. Kähalatlarda sygryň süýdi çe­kil­se “Süý­dü­ni ýi­tir­di” di­ýip, ot­dan ge­çi­ri­lip­dir we ol täzeden süýtlenipdir. Garagum sährasynda maldarçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz şeýle däp-dessurlary nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi ýylyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň ge­çi­ril­me­gi Garagum sährasynyň täsin tebigaty bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär.