• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Samsung 2017-nji ýylda doly eplenýän smartfonlary çykarar

Ine bu hakyky innowasiýa

Bize belli bolan iPhone 6 telefonynyň eplenýän korpusynyň taryhy indi hakykata öwrülýär. Apple kompaniýasyndan tapawutlylykda, samsung kompaniýasy özüniň geljekki flagmanynda doly eplenýän OLED displeý goşar.

Bloomberg agentswasynyň habar bermegine görä, onuň iki sany modeli bolar: 8 dýuýmlyk we 5 dýuýmlyk. Birinjisi 5 dýuým ölçege çenli eplener, ol zenanlaryň pudra gutusynyň formasyny ýada salar. Ikinjisi bolsa ekrany 5 dýuýmlyk adaty smartfon şekilinde bolar, ýöne onuň korpusyny8 dýuýme çenli ulaldyp bolýar.

Bulaşdyňyzmy? Sebäbi bu üýtgeşik täze innowasiýa.

Şeýle smartfonlar tutuş bazaryň gadžetlerini üýtgeder, eger-de Samsung ýörite maýyşgak ekranly interfeýs döredip bilse. Bu ýerde esasy kyn düşýän zat eplenýän plastiki ýasamak we onuň uzak wagt saklanmagyny üpjün etmek. Biziň bilşimize görä kompaniýa eýýäm onuň çözgüdini tapypdyr” - diýip IBK Securities-iň analitigi Li Syn U aýdyp geçýär.

Bu proýekt “Project Valley” kodly ady göterýär. Smartfonlar 2017-nji ýylda geçiriljek Mobile World Congress atly sergide görkeziler.

2015-nji ýylda Samsungyň girdejisi we satuwy praktiki taýdan üýtgemedi – 180 milliard dollar hem-de 82,1 million satylan enjam. Kompaniýa özüniň innowasiýa displeýli geljekki flagmanynyň satuwynyň köpeljegine umyt baglaýarlar.

Biz bolsa häzirem şu zatlaryň hakykatdygyna ynanamzok. Ýöne isleýäris!!!