• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iň sahy milliarderler

“Forbes” žurnalynda 2017-nji ýylda haýyrsahawat işlerine beýlekilerden has köp pul harçlan milliarderleriň sanawy neşir edildi. Iň uly haýyr- sahawat 2,8 milliard dollara deň bolup, ol Uorren Baffet tarapyndan bagyşlanypdyr. Baffet bu puluň iki milliardyny “Bill & Melinda Gates Foundation” gaznasyna goýdy, galan bölegini bolsa, öz çagalarynyň alyp barýan haýyr- sahawat gaznasyna geçirdi. Ikinji orna Bill we Melinda Geýtsiň özleri düşdüler. Olar haýyr- sahawat işlerine 2,5 milliard dollar bagyşladylar. Jübütler eýýäm köp wagtdan bäri ynsanperwer hökmünde giňden tanalýarlar. “Time” žurnaly 2005-nji ýylda olary ýylyň adamlary diýip ykrar etdi. “Forbes”- iň sanawynyň beýleki orunlary şeýle tertipde düzülipdir: Nýu-Ýorkuň ozalky häkimi, “Bloomberg” agentliginiň esaslandyryjysy Maýkl Blumberg (700 million dollar); “Walmart” kompaniýasyny esaslandyryjysy Sem Uoltonyň maşgalasy (536 million dollar); “Açyk jemgyýet” gaznasyny esaslandyryjy Jorj Soros (531 million dollar); “Facebook” sosial torunyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg we onuň aýaly Prissilla Çanyň “Chan-Zuckerberg” gaznasy bilime, lukmançylyga we ylmy barlaglara 400 million dollar bagyşlady.