• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA №6

Dmitriý Zubaha

 

Russiýaly, Amazon.com, Priceline.com we eBay serwerlerine DdoS hüjümlerini etdi diýlen gürrüňler bar

2012-nji ýylyň 18-nji iýulynda Kipr döwletiniň hökümeti Interpolyň haýyşy boýunça RF-nyň raýaty Dmitriý Zubahany sakladylar. Bu hakeri 2008-nji ýylda Amazon.com, Priceline.com we eBay ýaly dünýäde meşhur bolan uly onlaýn magazinleriň serwerlerine DdoS hüjümlerini etdi diýlip günäkärlenýär. Zubaha bolsa ABŞ-na ekstradisiýa bolmaklykdan ýüz dönderdi, onuň üçin bolsa kazyýet 40 günläp göz astynda saklamaklyga netije çykardy.

Soňra hakeriň “Ашманов и партнеры” diýen kompaniýada işländigi mälim boldy. Kompaniýanyň direktory Igor Aşmanow, hakeriň ol ýerde “reklama bilen baglanyşykly” zatlary programmirländigini aýtýar.

Aşmanow kipr türmesinden öz işgärini çykardy – onuň üçin kompaniýa “FGM Solicitors & International Lawyers”-iň tejribeli adwokatlaryny hakyna tutýar we “birnäçe müň ýewro” çykdajy etdiler. Netijede, tussag edilenden 9 aýdan soň, Zubahany Russiýa getirmek başartdy, ol ýerde-de ony göz astynda alyndy.