• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

'Samsung'-yň täze smartfonlary

Günorta Koreýanyň ''Samsung'' kompaniýasy ''Galaxy J5'' (2016) we ''Galaxy J7'' modellerini görkezdi. Bu modelleriň geçen ýyl köpçülige hödürlenen adybir enjamlarynyň soňky görnüşleridigi aýdylýar. Telefonlaryň LED çyraly 5 megapiksellik öňki kamerasy we LED çyraly 13 megapiksellik yzky kamerasy bar. ''Galaxy J7'' (2016) beýlekisinden has uly. Onuň 1080 x 1920 piksellik 5,5 dýuýmlyk "Super Amoled'' ekrany bar. Şeýle hem bu smartfonyň tehniki häsiýetleriniň arasynda LTE arabaglanyşyk, NFC, 3GB RAM, 16 GB içki ýaly aýratynlyklar bar. Enjamyň ululygy 151,7x76x7,8 mm. Agramy 170 gram. Onuň ''jigisi'' J5-iň 159 gram agamy we 145,8 x 72,3 x 8,1 mm ululygy bar. Telefonyň 720 x 1280 piksellik 5,2 dýuým ''Super AMOLED'' ekrany bar. 2 gigabaýt RAM-y boljak enjamyň beýleki häsiýetleri J7 bilen bir meňzeş. Telefonyň bahasy barada entek maglumat berilmedi.