• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Cut the Rope-den OM NOM doly metražly multfilmiň gahrymany bolar

ZeptoLab rus studiýasynyň Cut the Rope mobil oýunlarynyň seriýalary öz meşhurlygy boýunça Rovio-nyň Angry Birds oýunlaryndan yzda galmaýar. Indi bolsa Cut the Rope-niň esasynda, geljek ýylyň ahyrynda doly metražly multfilm dünýäniň kinoteatrlara çykar. Filmi Blockade Entertainment studiýasy düşürýär. Häzirki wagtda bu studiýanyň film düşürmek boýunça sanawynda PlayStation üçin Heavenly Sword atly oýnuň esasynda diňe şol bir at bilen animasion film bar.  

Sýužet boýunça 13 ýaşly oglanjyk Ewan içinde Cut the Rope-niň gahrymany – OM NOM-y tapýar. Kiçijik monstr OM NOM öz ýolunyň ugrundaky Ewanyň ýaşaýan şäherçesini tötänden ýumurýar-da, süýjüligiň gözlegine çykýar. OM NOM-yň yzyna federal agentler we nätanyş garakçylar düşýär, oňa diňe Ewan hem-de onuň gyz dogany Džordan kömek bermek isleýärler.

2016-njy ýylyň ahyrynda kinoteatrlarda doly metražly Angry Birds atly multfilm hem görkezilip başlanar.