• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Asman name üçin gök?

Aslynda atmasfera ýagny howa reňksizdir, emma howanyň bulutsyz açyk günlerinde asman gök reňkde bolýar. Asmanyň gök bolmagynyň sebäbi gün şöhleleriniň atmasfera  giren ýagdaýynda gaz malekulalary bilen çaknyşyp parçalanýarlar. Gök reňkem gyzyl we beýleki reňklere garanyňda aňsan bölünip köp ýaýraýar we şeýdip asman gök reňke bürenýär. Gün şöhlesi dürli tolkunly reňkli şöhlelerden ybaratdyr. Iň kiçi tolkunly gök reňkem atmasferanyň ýokarky gatlagyndaky gaz we  kiçi bölejikler sebäpli derrew ýaýraýarlar. Emma gyzyl reňkiň (iň uly tolkunly şöhle) parçalanmasy üçin has uly bölejikler bilen çaknyşmaly bolýar. Mysal üçin howanyň açyk dälde bulutly we tozan-tüsseli bolan wagtynda şöhleleň hemmesi diýenýaly deň ýaýraýar we asman çal reňkde bolýar.