• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Awtoulaglar has tygşytly bolar

25-nji martda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde başlan awtoulag sergisi dowam edýär. Bu ýerde daşky gurşaw üçin zyýansyz, “akylly” we tygşytly ulaglaryň agdyklygy ünsi özüne çekýär. 116-njy gezek geçirilýän sergide kompaniýalaryň gibrid ulaglar üçin has köp maýa goýum özleşdirýändigini görmek bolar. Ýangyjy tygşytly sarp edýän, ulanmak üçin edilýän çykdyjylary az we ýokary netije görkezýän ulaglar bu ýere gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Segä “Acura mdx F/L”, “ Alfa Romeo Giulia”, “Alphine B7 xDrive”, “Audio R8 Spyder”, “Bmw 330e iPerformance”, “Bmw xDrive M760Li”, “Buick Encore F/L” , “ Cadillac ATS&CTS Black Chrome”, “Chevy Camaro 50 th Ann”, “ Chevrolet Cruze 5d”, “Chevy Colorado Shoreline”, “Chrysler 300S Sport Appearance” , “ Dodge Go Mango” , “ Fiat 124 Spider Abarth”, “ Ford Shelby GT-H” , “GMC Terrain Night-fall Edition” , “Honda Clarity FCV US-Spec”, “ Hyundai Ioniq”, “ Infiniti QX70 Limited” , “ Jaguar F-Type SVR”, “Jeep Grand Cherokee Trailhawk”, “ Kia Cadenza”, “ Lexus LC500h”, “ Maserati Levante”, “ Mazda MX-5 RF”, “ Mercedes CLA F/L”, “ Mercedes AMG C63 Cabrio”, “ Mini Clubma All4” , “ Mitsubishi Outlander Phev” , “ Nissan GT-R F/L” , “ Porsche 911 R” , “ Range Rover Evoque Convertible” , “ Subaru Impreza” , “ Toyota GT86”, “ Toyota Highlander F/L” , “ Toyota Pirus Prime Phev” , “ Volvo XC90 Excellence” ýaly modeller getirilipdir.

TYGŞYTLY, YGTYBARLY WE “AKYLLY”

Soňky ýyllarda awtoulaglar diňe kuwwatly ýa-da ýangyçdan netijeli peýdalanýandygy bilen tapawutlanmaýar. Olaryň içine girilrnde, sürüji we beýleki ýolagçylar üçin has köp ýeňilligiň döredilendigini duýmak bolýar. Soňky ulaglaryň ählisi diýen ýaly güýmenje-maglumat we aragatnaşyk tehnalogiýasy bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem olara degişli köp zady uzakdan dolandyryp bolýar. Aýdaly, irden turdunyz, howa yssy ýa-da sowuk. Ulagyň içiniň howasynyň nähili bolmalydygyny öňünden onuň ýanyna barman sazlap bolýar. Mundan başgada täze modeller sürüjiniň säwligi zerarly ýüze çykyp biljek heläkçilikleriň öňüni almaga uly ýardam edýär. Ulaglaryň köpüsi sürüjiniň sesli buýruklaryny hem ýerine ýetirip bilýär. Soňky awtomobiller öňünden çykan haýsydyr bir pyýadany ýa-da jisimi hem aňyp, sürüjä habar berip, gerek bolan halatynda, tizligini peseldip ýa-da durup hem bilýär. Bu ulaglar has ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

NUSGALYK MODELLER GÖRKEZDI

Serginiň çäklerinde kompaniýalar şu ýylyň ikinji ýarymynda we indiki ýylyň başynda satuwa çykaryljak modellerini hem hödürlediler. Serginiň ilkinji gününde 50 kompaniýa özleriniň indiki ýylky modellerini žurnalistlere görkezdi. Sergide has reňkli we daşky şekili has üýtgeşik ulaglar bar. Günde 100 kilometrden az ýol geçýänler üçin bolsa, elektromobilleriň has köp görnüşi hödürlenýär. Olaryň iň esasy aýratynlygy öý şertlerinde zarýad berip bolýanlygydyr. Köp ýurtlarda şeýle ulaglara berilýän ýeňillik olara bolan gyzyklanmany has hem artdyrar. Tamamlanýan sergä jemi bir million myhmanyň baryp görjekdigi aýdylýar.