• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Apple zir-zibillerden energiýa öndürer

Apple” kompaniýasy öz energoüpjünjünçilik ulgamyny gurmaklyga az üns berenok. Birnäçe gün mundan öň kompaniýa ABŞ-nyň energetikasyny tertibe salmak baradaky federal komissiýasyna seretmeklik üçin zaýawka ugratdy. Kompaniýanyň meýilnamasynda – olar resurslarlaryň energoüpjünedijisi bolmaklyk.

Apple” bu ýetilen ýerde durmaklygy pikir edenok. Şu gün amerikanyň elektron öndürijisi Katoba okrugynyň (demirgazyk Karolina ştaty) ýolbaşçylary bilen şertnama baglaşdylar, “Apple”-iň şerti boýunça olar energiýa öndürmek maksady bilen zir-zibil dökülýän ýerlere rugsat alar. Kompaniýanyň ygtyýarynda 1,5 gektar ýer berilip, onuň içine zir-zibil üçin goýmaga uly ýer bolar.

Elektroenergiýany zyňyndylaryň tebigy dargama prosesinde metanlaryň köp mukdarynyň ýüze çykmagynda almak meýilleşdirilýär. Muny gaýtadan işlemek ulgamyna Quadrogen Power Systems kompaniýasy jogapkärçilik çeker.

Apple” üçin arendanyň nyrhy ilkinji bäş ýyl üçin ýylyna 5 569$ bolar. Soňra töleg ABŞ-nyň ştatlarynyň territoriýasyndaky tariflere görä bolar. Şertnama gutarandan soň (ýene 16 ýyldan soň) kompaniýa ýene-de arendany 5 ýyl ulaldyp biler.

Häzirki günde ABŞ-nyň territoriýasynda 6 müň sany zir-zibil dökülýän ýer bar, olardan 360-sy eýýäm peýdaly ulanyp dargama prossesinde gaz alýarlar. Teoretiki taýdan, zir-zibilleri gaýtadan işläp elektroenergiýany ýurduň 600 sany zir-zibil taşlanýan ýerlerinden işledip boljak. Şeýle usul bilen alynýan energiýa bilen 1 mln. hojalygy elektrik togy bilen üpjün edip bolýar.