• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

ABŞ-nyň “Halkara Söwda guramasy” derňew işlerini geçirýär

ABŞ-nyň “Halkara Söwda guramasy” hem-de “Samsung Electronics Co.” kompaniýasy bilelikde sekiz sany akylly telefon öndürýän kompaniýalara derňew işini gozgaýar

ABŞ-nyň “Halkara Söwda guramasy (USITC)” şertnamada görkezilen talaplardan çykandygy sebäpli, “Samsung” kompaniýasy bilen bilelikde sekiz sany akylly telefon öndürýän kompaniýalara garşy derňew işini gozgaýandygyny duýdurdy.
ABŞ-nyň “Halkara Söwda guramasy” tarapyndan aýdylan beýanda, merkezi “Singapurda” ýerleşýän “Creative Technology Ltd. (CREA.SI)” we birnäçe telefon öndürýän kompaniýa, şeýle-de “Creative Labs”-yň çäginde gurnalan akylly telefonlardaky şertnamada görkezilen talaplaryň çäginden çykylandygy öňe sürüldi.

 

ABŞ-nyň “Halkara Söwda guramasy” tarapyndan berilen hasabatda: “Derňew edilýän harytlaryň arasynda metbugata degişli bolan resminamalaryň ulanyjylar tarapyndan ogurlanyp ady agzalan elektron enjamlara geçirilendigi” aýdyldy.
“ZTE Corp”, “Sony Corp”, “ Samsung”, “LG Electronics”, “ Lenovo Group”, “Motorola Mobility”, “HTC Corp”, we “Blackberry” kompaniýalaryna garşy, ABŞ-nyň “Halkara Söwda guramasy” tarapyndan alnyp barylýan derňew işiniň 45 güniň dowamynda tamamlanjakdygy aýdyldy.

Kompaniýalar özlerine garşy alnyp barylýan derňew işi dogrusynda näme diýdikä?
Derňewiň çäginde ady agzalan kompaniýalar waka hakynda gysga beýanlar aýdyp, “HTC Corp” derňewiň dowam edýändigi sebäpli, waka barada hiç hili teswir etmän we derňewiň goraglylygy üçin beýanat bermeýändigini aýdyp, “Samsung we LG” kompaniýalary bolsa, wakany göz öňünde tutýandyklaryny, wajyp zadyň ýokdugyny aýtdylar.
“Canalys analisti Nicola Peng” bolsa, waka bilen baglanşykly “Reuters”-de eden çykyşynda, şertnamada görkezilen talaplardan çykmak ýagdaýy göz öňünde tutulanda, onuň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy.