• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Samsung GALAXY S6 Edge

2015-nji ýylda aprel aýynda satuwa çykarylan Samsung Galaxy S6 Edge ähli bilermenleriň hem-de ulanyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Galaxy S6 Edge-ň dizaýny barada köp gürrüň edip bolar, ýöne onuň hiç kimi biparh goýmajakdygy anyk.

Galaxy S seriýasynyň telefonlaryň turuwbaşdan öňdebaryjy tehnologiýalary bäsdeşlerine görä has elýeterli bahadan hödürlemek arkaly dünýä ýaýrady. Ýöne Galaxy S6 Edge enjamy bu kadadan çykýar, bu gezek Samsung öňdebaryjy tehnologiýany bäsdeşlerine görä has gymmat bahadan öňe sürdi. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar, geliň Galaxy S6 Edge enjamyna ser salalyň:

Samsung GALAXY S6 Edge

Enjamlaýyn nukdaýnazardan Galaxy S5 döwründen bäri köp zat düýpgöter üýtgedi, emma firmanyň esasy şygary üýtgemedi: täze flagman hemme taraplaýyn iň gowy, iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilýär. S6 hem-de S6 Edge akylly telefonlary Quad HD ekrany bilen, iň täze Exynos – 7420 platformasy bilen, iň täze LPDDR4 operatiw ýady bilen, 6 we 16 mp kamerasy bilen öňe çykýar. Bu enjamlaryň doly häsiýetnamasy we Galaxy S5 bilen deňeşdirilişi:

 

Samsung GALAXY S5

Samsung GALAXY S6

Samsung GALAXY S6 Edge

Sensor ekran

5,1 dýuým, 1920 × 1080 nokat, AMOLED, 432 dýuým nokat dykyzlygy; 
 

5,1 dýuým, 2560 × 1440 nokat, AMOLED, 575,9 dýuým nokat dykyzlygy; 
 

5,1 dýuým, iki tarapy aýlawly ekran, 2560 × 1440 nokat, AMOLED; 575,9 dýuým nokat dykyzlygy;  
 

Goraýjy aýna

Corning Gorilla Glass 3

Corning Gorilla Glass 4 iki tarapy

Corning Gorilla Glass 4 iki tarapy

Prosessor

Qualcomm Snapdragon 801 MSM8974AC v3: 
dört ýadroly Qualcomm Krait-400 (ARMv7, 32 bit), ýygylyk 2,46 GHz; 
tehproses 28 nm HPm

Samsung Exynos 7420: 
dört ýadroly ARM Cortex-A57 (ARMv8, 64 бит), ýygylyk 2,1 GHz; dört ýadroly ARM Cortex-A53 (ARMv8, 64 bit), ýygylyk 1,5 GHz; 
tehproses 14 nm

Samsung Exynos 7420: 
dört ýadroly ARM Cortex-A57 (ARMv8, 64 бит), ýygylyk 2,1 GHz; dört ýadroly ARM Cortex-A53 (ARMv8, 64 bit), ýygylyk 1,5 GHz; 
tehproses 14 nm

Grafiki karta

Qualcomm Adreno 330

Mali-T760 MP8

Mali-T760 MP8

Operatiw ýat

2 GB LPDDR3

3 GB LPDDR4

3 GB LPDDR4

Fleş-ýat

16 GB (ulanyja elýeterli ~12 GB) MicroSD ýat karta girişi

32/64/128 GB 
MicroSD ýat karta girişi ýok

32/64/128 GB ( 64 GB-lygynda ulanyja elýeterli ~53,7 GB); 
MicroSD ýat karta girişi ýok

Girişler

1 × Micro-USB 3.0 (MHL) 
1 × gulaklyk girişi 3,5 mm 1 × Micro-SIM 
1 × MicroSD

1 × Micro-USB 2.0 (MHL) 
1 × gulaklyk girişi 3,5 mm

1 × Nano-SIM

1 × Micro-USB 2.0 (MHL) 
1 × gulaklyk girişi 3,5 mm

1 × Nano-SIM

Aragatnaşyk görnüşi

2G/3G/4G 
Micro-SIM görnüşli 1 sim-karta

2G/3G/4G 
Nano-SIM görnüşli 1 sim-karta

2G/3G/4G 
Nano-SIM görnüşli 1 sim-karta

2G aragatnaşyk görnüşi

GSM/GPRS/EDGE 850/900/1800/1900 MHz

GSM/GPRS/EDGE 850/900/1800/1900 MHz

GSM/GPRS/EDGE 850/900/1800/1900 MHz

3G aragatnaşyk görnüşi

HSDPA (42,2/5,76 Mbit/s) 850/900/1900/2100 MHz

HSPA (42,2/5,76 Mbit/s) 850/900/1900/2100 MHz

HSPA (42,2/5,76 Mbit/s) 850/900/1900/2100 MHz

4G aragatnaşyk görnüşi

LTE FDD band 1, 2, 3, 5, 7, 8, 20 (2100/1900/1800/850/ 
2600/900/800 MHz) LTE Cat. 3 (150/50 Mbit/s)

LTE FDD band 1, 2, 3, 4, 5, 7, 8, 12, 17, 20 (2100/1900/1800/1700/850/ 
2600/900/700/800) LTE Cat. 6 (300/50 Mbit/s)

LTE FDD band 1, 2, 3, 4, 5, 7, 8, 12, 17, 20 (2100/1900/1800/1700/850/ 
2600/900/700/800) LTE Cat. 6 (300/50 Mbit/s)

Wi-Fi

802.11a/b/g/n/ac, 2,4 we 5 GHz

802.11a/b/g/n/ac, 2,4 we 5 GHz

802.11a/b/g/n/ac, 2,4 we 5 GHz

Bluetooth

4.0 + A2DP

4.1 + A2DP

4.1 + A2DP

NFC

Bar

Bar

Bar

IG-port (InfraGyzyl)

Bar

Bar

Bar

Nawigasiýa

GPS, A-GPS, GLONASS, BeiDou

GPS, A-GPS, GLONASS, BeiDou

GPS, A-GPS, GLONASS, BeiDou

Sensorlar

Ýagtylyk sensory, ýakynlyk sensory, akselerometr/giroskop, magnitometr (sanly kompas), barometr, barmak yzy sensory, puls sensory

Ýagtylyk sensory, ýakynlyk sensory, akselerometr/giroskop, magnitometr (sanly kompas), barometr, barmak yzy sensory, puls sensory

Ýagtylyk sensory, ýakynlyk sensory, akselerometr/giroskop, magnitometr (sanly kompas), barometr, barmak yzy sensory, puls sensory

Esasy kamera

16 Mp (5312x2988), 
CMOS-matrisa Samsung S5K2P2 ölçegi 1/2,6’’ ISOCELL tehnologiýa, Awtofokus, reňk diodly ýagtylandyryjy (wspyşka)

16 Mp (5312 × 2988), 
BSI-матрица Sony IMX240 ölçegi 1/2,6’’,  Optiki stabilizasiýa ulgamy; Awtofokus, reňk diodly ýagtylandyryjy

16 Mp (5312 × 2988), 
BSI-матрица Sony IMX240 ölçegi 1/2,6’’,  Optiki stabilizasiýa ulgamy; Awtofokus, reňk diodly ýagtylandyryjy

Öňündäki kamera

2 Mp (1920x1080), Awtofokussyz, ýagtylandyryjysyz

5 Mp (2592 × 1944), Awtofokussyz, ýagtylandyryjysyz

5 Mp (2592 × 1944), Awtofokussyz, ýagtylandyryjysyz

Batareýa

Aýrylýan akkumulýator 10,78 Wt·s (2800 mА·s (mAh), 3,85 W)

Aýryp bolmaýan akkumulýator 9,69 Wt·s (2550 mА·s (mAh), 3,8 W)

Aýryp bolmaýan akkumulýator 9,88 Wt·s (2600 mА·s (mAh), 3,8 W)

Ölçegleri

142 × 73 mm 
Korpusyň galyňlygy: 8,3 mm

143 × 70,5 mm 
Korpusyň galyňlygy: 6,8 mm

142 × 70 mm 
Korpusyň galyňlygy: 7 mm

Agramy

145 g

138 g

132 g

Korpusyň goragy

IP67 (tozan we suw goragy)

Ýok

Ýok

Operasion ulgamy

Google Android 4.4.2 (KitKat) 
Samsung TouchWiz interfeýsi

Google Android 5.0.2 (Lollipop) 
Samsung TouchWiz interfeýsi

Google Android 5.0.2 (Lollipop) 
Samsung TouchWiz interfeýsi

Bahasy (takmynan)

380$

580$

750$

Samsung GALAXY S6 we S6 Edge arasyndaky esasy tapawut – ekranynyň dizaýnydyr: S6-yň ekrany standart tekiz ekran, S6 Edge-iňki gapdallary aýlawly ekran. Beýleki häsiýetnamalary deň diýen ýaly: ölçeglerinde, agramynda sähel tapawut bar, birem ulanylar akkumulýatorlar başga.

Samsung-yň önümleri biri-birine daş görnüşi bilen juda meňzeýärler. Mysal üçin, korpus ölçeginiň gatnaşyklary, burçlarynyň aýlawynyň radiusy, ekranyň aşagyndaky merkezi düwme... we ş.m. GALAXY S6/S6 Edge telefonlary hem şol kadadan çykma däldir, ilkinji gezek göreniňde hem Samsung-yň aýratynlyklary tanalýar. Muňa garamazdan S6/S6 Edge özünden öňki enjamlardan tapawutlanýarlar, korpus köne modelleriň täze stilde bezelen görnüşi bolman, düýpgöter täzeçe işlenen korpusdygy göze ilýär. Kompaniýanyň dizaýnerleri we inženerleri ahyry plastmassa ulanmakdan ýüz dönderip, metal hem-de aýna materiallara geçdiler. Bu bolsa, täze telefonlaryň öňkülerden iň uly tapawudy bolup durýar. Telefonlaryň öň hem-de arka taraplary ýörite goragly Corning Gorilla Glass aýnasynyň 4-nji nesili bilen gaplanandyr. Bu aýna ilkinji bolup, Samsung GALAXY Note 4 telefonynda ulanylypdy. Aýna telefony çyzyklardan we beýleki ownuk zeperlerden ygtybarly goraýar.

Samsung GALAXY S6 Edge akylly telefonynyň daş görnüşi, ekrany we iň soňky tehnologiýa önümi bolan içki enjamlary ony bäsdeşlerinden bir ädim öňe çykarýar, emma bahasy tehnologiýa janköýerlerini oýlandyrmak duranok. Bu telefon aýlawly ekran ülňüsiniň öňdebaryjysy hökmünde abraý gazanarmy ýa-da Samsung-yň wagtlaýyn höwesi hökmünde ýitip gidermi? Muny diňe wagt görkezer.