• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Milliarderleri hasaba alyjy «Bloomberg» habar berýär

 

«Amazon» internet söwdasynyň düýbüni tutujy Jeff Bezos häzirki zaman taryhynda iň baý adam diýlip yglan edildi. Bu hakda milliarderleri hasaba alyjy «Bloomberg» habar berýär. Bezosyň häzirki emlägi 151 milliard diýlip bahalandyrylýar. Ikinji orunda 105 milliarda barabar emlägi bilen «Microsoft» kompaniýasynyň düýbüni tutujy Bill Geýts durýar. 

 


 


Eger haýyr-sahabata maýa goýmadyk bolsa onuň hem häzire çenli toplan maýasy 150 milliarddan ýokarda bolardy diýip belleýärler. Üçünji orunda bolsa «Berkshire Hathaway» holdinginiň direktorlar geňeşiniň başlygy Uorren Baffet (83 milliard dollar) we dördünji ýerde «Facebook-yň» düýbüni tutujy Mark Sukerburg (82.8 milliard dollar) durýar.