• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Logarifmiki lineýka

Logarifmiki hasaplama lineýkasy – bu birnäçe matematiki hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin ulanylýan gurluşdyr. Ýagny:

  • Sanlary derejä götermek;
  • Sanlary goşmak-aýyrmak;
  • II we III derejeli kökleri hasaplamak;
  • Logarifmiki hasaplamalary;
  • Trigonometriki hem-de giporboliki funksiýalary ýerine ýetirip bolýar;

Bu lineýkany ilkinji sapar SSSR öndürip başlady. Standart görnüşinde bu lineýka 30 sm, ýagny geometriki hasaplamalarda A4 format üçin niýetlenen görnüşdedir. Bu lineýkanyň birnäçe görnüşleri bar:

Logarifmiki şkalanyň we lineýkanyň döreýiş taryhy

Ilkinji gezek logarifmiki şkalany  professor Edmund Gýunter logarifmiki hasaplamalary çaltlaşdyrmak üçin tablissa döredipdir we tablissadaky sanlary  bir şkalanyň ugruna ýerleşdiripdir.

lg 1 = 0.000; lg2 = 0.301; lg 3 = 0.477;  lg 4 = 0.602;  lg 5 = 0.699;

lg 6 = 0.778;    lg 7 = 0.845;    lg 8 = 0.903;    lg 9 = 0.954;    lg 10= 1.000

Soňra  Gýunter bu şkalany lineýkanyň ýüzüne ýerleşdiripdir.

1624-nji ýylda  Uilýam Otred bu lineýkany kämilleşdirmekde birnäçe işleri bitiripdir.