• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; agrohimiýa we topragy öwreniş; gidromeliorasiýa; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy)
2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; oba hojalygynyň ykdysadyýeti).

2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
—  bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
—  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
—  soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
—  3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;

—  işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

—  giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

—  şahsy pasportyny;

—  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31 günleri
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we awgust aýynyň 1-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-3-4-i, 5-6-sy we 7-si günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Oba, tokaý we balyk hojalygy (agronomçylyk, agroekologiýa, agrohimiýa we topragy öwreniş), weterinariýa we zootehniýa ugurlary — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

Oba, tokaý we balyk hojalygy (gidromeliorasiýa, gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy), informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

Ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— harby gullugy tamamlap gelenler;
—  soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar.

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94; tel.: 9-27-47, 9-30-65, 9-38-65, 9-33-92.