• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

«TÜRKMENHIMIÝA» DÖWLET KONSERNINIŇ TÜRKMENABАT ŞÄHERINDÄKI TEHNIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Peýdaly magdanlary agtarmagyň tehnikasy we tehnologiýasy.

2. Elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça).

3. Himiýa we nebiti, gazy gaýtadan işleýän senagaty kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.

4. Ykdysadyýet we dolandyryş (senagat pudagy boýunça).

5. Suw üpjünçilik we hapalanan suwlary akdyryş ulgamlaynyň we enjamlarynyň ulanylyşy.

6. Sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary gurnamak, olara tehniki hyzmat etmek hem-de abatlamak.

7. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baýlaşdyrylyşy.

8. Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini işläp geçmek (ýerasty dag işleri).

9. Dag maşynlary we enjamlary (ýerasty).

10. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak.

11. Maşynlaryň we mehanizmleriň elektrik enjamlarynyň tehniki ulanylyşy.

12. Elektrik enjamlary gurnamak we ulanmak.

13. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy.

14. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrmasy.

Orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) hasiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabui edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

himiýa we nebiti, gazy gaýtadan işleýän senagaty kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak hünäri - himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärleri - fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukuk­dan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

 

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat şäheri, Amul şäherçesi, Dostluk köçesi, 20, tel.: 7-17-25, 7-14-79.