• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ähli döwürde iň köp satylan telefon

Häzirki wagtda gün – günden diýen  ýaly el telefonlaryň we beýleki elektron enjamlaryň täzeleri peýda  bolýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary “ Apple”,  “ Samsung ”, “ Huawei ” ýaly firmalar bir – birinden has gowy enjamy hödürlemek üçin bäsleşýärler. Olar gysga wagtda näçe smartfon satandyklaryny köpçülige ýaýradýarlar. Hemmede diýen ýaly telefon bar. Eýsem, häzire çenli iň köp satylan telefon haýsyka? Bu rekord el telefonynyň ýaýramagynda we birnäçe ýyllap telefon satmakda birinjiligi hiç kime bermedik “ Nokia ” kompaniýasyna degişli. Fin kompaniýasynyň 2003-nji ýylda satuwa çykaran “ Nokia 1100 ” modeli ähli döwürde iň köp satylan el telefony bolupdyr. Bu modelden 5 ýylda 250 milliondan gowragy satylypdyr. Häzire çenli iň köp satylan “ Iphone ” modeli bolan “ Iphone 6 ” bolsa  bazara çykanyndan soňra 3 aýda 71.5 million müşderä ýetirilipdir. Satuwa çykan mahaly 100 dollar töweregi bahadan satylan “ Nokia 1100 ” –yň çyrasy, monofonik jaň sesi, gepleşilmedik ýagdaýynda 400 sagada çenli ýetýän batareýasy we köpleriň uly höwes bilen oýnaýan “ Snake ” (ýylan) oýny bilen bardy.