• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dron VOLT uzak ýolda örän gerekli bolup biler

Elektromobilleriň akkumulýatory uzak ýolda gutaryp biler. Şonuň üçin dizaýnçy Ine Bak bu meseläni çözmek üçin zarýat beriji drony oýlap tapdy. Bu dronyň aýaklarynyň aşagy ýumşak materialdan ýasalyp, elektromobili we ýoly zaýalamazlyk üçin, onyň kamerasy we beýleki datçikleri bolsa päsgelçiliklerden ägä bolup hereket etmegi üçin niýetlenendir. Dronyň içinde bolsa ýörüte akkumulýator ýerleşdirilip, ol elektromobili zarýatlandyrmak üçin peýdalanylýar. Ondan başgada dron VOLT serwisleriniň ýoluň haýsy böleginde ýerleşýändigini görkezmek üçin niýetlenen ýörite programmany döretmekçi bolýarlar. Ýagny bu programmanyň kömegi bilen drony çagyrylanda, ol GPS boýunça elektrmobiliň ýerleşýän ýerine tarap awtomatiki usulda ugrukdyrylýar. Dronyň özi awtomatiki usulda zarýat berip, bolandan soňra bolsa özi awtomatiki usulda yza dolanyp gelýär. Edilen hyzmat üçin tölegi bolsa bu programmanyň üsti bilen awtomatiki usulda hasaplaşylýar.