• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

37 ýaşly hüjümçi ýygynda çagyryldy

Ýene-de bir aýdan hem az wagtdan futbol janköýerleri üçin uly baýramçylyk bolan ýewropa futbol çempionaty badalga alar. Fransiýanyň dürli şäherlerinde bir aýlap dowam etjek bu çäre üçin toparlar ýokary derejeli taýýarlyk görýärler. Eýýämden käbir ýygyndylaryň tälimçileri haýsy oýunçylar bilen Fransiýa gitjekdigini mälim edip başlady. Ilkinji bolup 1-nji gezek gatnaşýan Islandiýanyň tälimçisi Lars Lagerbek toparyň düzümini äşgär etdi. Onuň ýygynda çagyran oýunçylarynyň arasynda meşhur hüjümçi, 37 ýaşly Eidur Gudýonsen hem bar. Şol sanda ýer eýesi Fransiýanyň, Şwesiýanyň, Belgiýanyň hem-de Awstriýanyň milli toparynyň düzümleri-de belli boldy. Bulardan başga-da Irlandiýadyr Çehiýanyň, Uelsiň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň giňeldilen düzümlerini tälimçiler yglan etdi. Netije-de, ýokarda ady agzalan ýygyndylar we gatnaşýan beýleki milli toparlar maý aýynyň ahyryna çenli takyk düzümi mälim etmeli bolarlar.

Ýer eýesi Fransiýanyň çempionatda nähili oýun görezjekdigine we tälimçi Didie Deşamyň kimleri çagyrjakdygyna köpler içgin gyzyklanma bildirýärdi. Iki gün öň Deşam 23 oýunçylyk düzümi habar berdi. Şoňa laýyklykda Benzema, Riberi, Nasri, Lakazett, Ben Arfa, Gamiero ýaly oýunçylar öz ýurtlaryndaky ýaryşda oýnap bilmezler.