• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

2017/2018-nji okuw ýyly  üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň  aşakdaky  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Aktýorçylyk  sungaty  we režissura  (hünärler:  drama  we kino  aktýory;  Estrada  we sirk  oýunlarynyň  artisti;  teatr öwreniş  we   ramaturgiýa;  teleradiogepleşikleri  gurnamak  we alyp  barmak;  telewideniýe  režissurasy;  ses režissurasy;  drama  režissurasy;  kino  režissurasy;  yşyk  bilen  bezemek;  telekinooperatorçylyk;  gurjak  teatrynyň  aktýory).

2. Medeni- dynç alyş çärelerini  gurnamak  we ýola  goýmak  (hünärler:  medeni-  köpçülik  çärelerini  gurnamak  we geçirmek;  folklor  toparyny  gurnamak  we dolandyrmak;  milli  tans toparyny  gurnamak  we dolandyrmak;  höwesjeň  aýdym-  saz  toparyny  gurnamak  we dolandyrmak;  taryhy-  medeni  ýadygärlikleri  rejelemek  we dikeltmek).

3. Kitaphanaçylyk  we muzeýşynaslyk  (hünärler:  kitaphana  işini  guramak;  muzeý  işini  guramak;  iş kagyzlarynyň  dolanyşygyny  gurnamak  we arhiw  işi; ylmyň  we tehnikanyň  maglumatlar  bilen üpjünçiligi;  medeniýeti  öwreniş).  Tölegli  esasda  okadyljak  hünärmenleri  taýýarlamagyň  ugurlary  we hünärleri:

1. Kitaphanaçylyk  we muzeýşynaslyk  (hünärler:  iş kagyzlarynyň  dolanyşygyny  gurnamak  we arhiw  işi; ylmyň  we tehnikanyň  maglumatlar  bilen  üpjünçiligi).  Instituta  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da  orta  hünär  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär. Resmi  iş kagyzlary  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy   ýuly  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy: 

— bellenilen  nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy  orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl nusgasy),  Türkmenistanyň  Medeniýet  ministrliginiň  garamagyndaky

yörite we orta  sazçylyk,  çeperçilik  we sungat  okuw mekdeplerini  tamamlap  iki ýyllyk  iş tejribeligini  geçýän  ýaşlar  üçin orta  hünär  bilim  hakyndaky  wagtlaýyn  şahadatnamanyň  nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary,  taýýarlygyň  döredijilik  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  bilim  edaralaryna  girýän  milli  we   alkara  döredijilik  bäsleşikleriniň  ýeňijileri  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar. 

Bulardan  başga-   da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  kabul  edýän   iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny; 

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär şahsy  jogapkärçilik çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  30-njy  iýuly  — 10-njy awgusty  aralygynda Türkmen  döwlet  medeniýet  institutynda  (Aşgabat  ş.) geçirilýär. 

Giriş   synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

Drama  we kino  aktýory  hünäri — saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak  (sahnada  hereket  üsti  bilen  işlemek  we öz   ikiriňi  ýazuw  üsti  bilen  beýan  etmek),  türkmen  dili  we edebiýaty, Türkmenistanyň  taryhy;

Teleradiogepleşikleri  gurnamak  we alyp  barmak,  telekinooperatorçylyk  hünärleri  —  saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak  (ýatdan,  görkezmek  arkaly),  türkmen   dili  we  edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

Estrada  we sirk oýunlarynyň  artisti,  medeni-  köpçülik  çärelerini  gurnamak  we geçirmek  hünärleri  — saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak,  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

Telewideniýe  režissurasy,  drama  režissurasy,  teatr öwreniş  we  dramaturgiýa hünärleri  — saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak  (sahnada  hereket  üsti  bilen  işlemek  we öz pikiriňi  ýazuw  üsti  bilen  beýan  etmek),  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

ses režissurasy  hünäri  — saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak  (akustika,  saz ugrundan  ukyby),  türkmen  dili  we   debiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy; 

yşyk bilen  bezemek  hünäri  — saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak  (fizikanyň  we  optikanyň kanuny, teatr we kino  boýunça  umumy  düşünje),  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

folklore  toparyny  gurnamak  we dolandyrmak,  milli  tans   oparyny  gurnamak  we dolandyrmak  hünärleri  — saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak  (ýatdan,  hereket  üsti  bilen),  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy;

höwesjeň  aýdym-  saz toparyny  gurnamak  we dolandyrmak   hünäri  — saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak  (sesi  we saz gurallarynyň  üsti  bilen),  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

medeniýeti  öwreniş,  taryhy-  medeni  ýadygärlikleri rejelemek  we  dikeltmek,  kitaphana  işini  guramak,  muzeý  işini  guramak,  iş  kagyzlarynyň  dolanyşygyny  gurnamak  we arhiw  işi, ylmyň  we  tehnikanyň  maglumatlar  bilen üpjünçiligi  hünärleri  —  Türkmenistanyň  taryhy,  türkmen  dili  we edebiýaty,  jemgyýeti  öwreniş.  Dersler  boýunça  giriş   synaglary  Türkmenistanyň  orta mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär. 

Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenilen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan soňky  synaglara  goýberilmeýär. Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň  mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  kabul edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

 — saýlan  hünäri  boýunça  2  yldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar; 

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Türkmen  döwlet medeniýet  institutynyň  salgysy:  Aşgabat  ş., 10  ýyl Abadançylyk  köçesi,  114; tel.: 48-28-60.