• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Fransiýanyň Pariž şäherinde jemgyýetçilik ulaglary mugt bolar

Ýewropanyň iň iri sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­ri­niň ýol­baş­çy dü­zü­mi jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň tö­le­gi­ni ýa­tyr­mak me­se­le­si­ni iç­gin öw­ren­ýär­ler. Bu ba­ra­da Pariž şä­he­riň hä­ki­mi Ann Idal­go “Les Echos” ga­ze­ti­ne be­ren be­ýa­na­tyn­da mä­lim et­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, 2020-nji ýy­la çen­li bu ba­ra­da gu­tar­nyk­ly çöz­güt ka­bul edi­ler. Paý­tag­tyň äh­li ra­ýat­la­ry jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan mugt peý­da­la­nar­lar. Jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň tö­le­gi­niň ýa­ty­ryl­ma­gy şä­he­riň ulag he­re­ke­ti­ni düz­gün­leş­dir­mek ba­bat­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. 220 müň tö­we­re­gi ýa­şu­ly ra­ýat­la­ra mugt gat­naw bi­le­di­ni ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da-da şeý­le tek­lip­ler öňe sü­rül­ýär.