• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hytaýda iň uzyn aýnaly köpri gurarlar

Syýahatçylaryň sanyny artdyrmak maksady bilen Hunan şäherinde Dünýäde iň uzyn aýnaly köpri gurarlar. Bu desganyň gurluşygyny “Haim Dotan” kompaniýasy alyp barar. Köpriniň uzynlygy 370 metrdir.

Köpri ýerden 400 metr beýiklikde bolup, ol bir wgtda 800 sany turisti göterip bilmek mümkinçiligi bardyr.

Aýnaly köpri gurmak proýekti eýýäm 2012-nji ýylda Central China Expo sergisinde syýahatçylyk biznesini ösdürmek bilen baglanyşykly sponsorlygy gazandy. Käbir žurnalistleriň aýtmagyna görä, indiki ýylyň dowamynda ilkinji syýahatçylar bu köpriden geçiip bilerler we oňa “hakyky älem täsinligi” diýip at berdiler.

Has gaýduwsyz adamlar üçin bolsa iki sany kanonyň aralygynda goşmaça “bandji-jamping”  güýmenjesi gurnalar. Bu bolsa Gonkong  şäherinde ýerleşýän Makao minarasyndaky 233 metrlik jampingden hem ýene-de 60 metr beýiklikde ýerleşdiriler.