• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Atmosferasy ýiten planetalar

Astronomlar kosmosyň çuňluklarynda wagtyň geçmegi bilen atmosferasy ýitip giden planetalaryň üstüni açdylar. NASA-nyň "Kepler'' teleskopynyň toplan maglumatlaryny seljeren älemi öwrenijiler daşyndan aýlanýan ýyldyzyna ýakynlaşan planetalaryň güýçli şöhlelenmäniň täsiri bilen öz atmosferalaryny ýitirendiklerini anyklady. Bu planetalaryň ululygy Ýeriň 2-10 essesi aralygyndadyr. Ylmy barlaga ýolbaşçylyk edýän doktor Gaý Dawis: ''Ýyldyzyň planetanyň atmosferasyny sorup alýandygy öňe sürülýärdi. Indi bu çaklama subut edildi. Alnan maglumatlar ýyldyzlara golaý planetalaryň dörän mahaly has uly bolandygyny görkezdi'' diýip belleýär. Ylmy barlagyň netijesi ''Nature Communications'' žurnalynda ýaýradyldy. ''Kepler'' teleskopy beýleki ýyldyz ulgamlaryny barlamak maksady bilen uçurylypdy.