• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kompýuter torlary barada №1

İki we birnäçe kompýuterleriň özara arabaglanyşygyny päsgelçiliksiz gurnamak

Birden köp kompýuterleriň biri-biri bilen çatyşyk ýagdaýyndaky ulanylmaga berlen halyna TOR (computer network) diýilýär. Bu kompýuter torlarynda birden köp birnäçe kompýuterler ýerleşdirilendir. Muňa mysal bolup, iki sany biri-birine ýakyn duran kompýuterleri göz öňüne getirmek bilen bütün dünýä ýüzündäki kompýuterler hem bolup biler. Kompýuter torlary öz aralarynda dürli görnüşde bolup bilerler. Kompýuterleri öz aralarynda esasan hem kabel görnüşinde birikdiriler, kabel geçirmegiň mümkin bolmadygy ýerlerinde bolsa mikro tolkunlar we sputnikler arkaly hem ýerine ýetiriler. Torlaryň ilkinji barlaglary 1960-njy ýylyň aýaklarynda geçirilip başlapdyr. Ýöne personal kompýuterler bolsa 1980-nji ýyllarda ulanyşyga giňden ýaýramaga başlapdyr. Kompýuterleriň ýaýramagy bilen tor üpjünçilikleriň başga görnüşleri hem ýüze çykyp başlapdyr.

Kompýuterleriň arabaglanşygy daşky gurluşlar – tor adapteri, arabaglaşyk kanaly (linýa arabaglanşygy) we ş.m. kömegi bilen gurnalýar.

Her kompýuter öz operasion ulgamy boýunça ulanylýar. Umumy operasion ulgamy gurnamaklyk hökman däl kompýuteriň özara arabaglanşyk ulgamynda maglumatlaryň alyş-çalyşygy tor adapteri we arabaglanşyk kanallarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Maglumatlaryň alyş-çalyşygy bilen belli bir kompýuter Local arabaglanşyk ulgamynda beýleki bir kompýuterden mümkünçiligi (share) dikeltmegi sorap durýar. Haýsy hem bolsa belli bir kompýuter toruň hemme ulanyjy kompýuterleri üçin elýeterli bolmalydyr. Şonuň üçin şol kompýuter elmydama tor boýunça beýleki kompýuterleri hem sorag-jogaba (Query) garaşyp duran rejimde işlemelidir. Şular ýaly kompýuterlere SERVER-ler di­ýilýär. Eger kompýuter öz resuslaryny kompýuter torlarynyň üsti bilen beýleki kompýuterlere hödürlese onda oňa SERVER di­ýilýär. Eger resuslary ulanýan bolsa onda oňa CLİENT (müşderi) diýilýär. Beýleki kompýuterlerden mümkünçiligi almak üçin operasion ulgama ýörüte programmalar modulyny goşmaly bolýar. Bu modullar uzak aralykdaky resuslara sorag-jogap taý­ýar­lamak we olary gerek bolan kompýutere ugratmak işini ýerine ýetirýär. Şular ýaly modula client (müşderi) programmalar diýilýär.

Kompýuter torlarynyň esasy wezipeleri resurslary bilelikde ulanmakdan we edaranyň içindäki, şeýle-de onuň çäk­lerinden daşardaky kompýuterleriň aragatnaşygyny üpjün et­mekden ybaratdyr. Resurslar (resouces) – bu maglumatlar, pro­grammalar we daşarky ýatda saklaýjy gurluş, printer, modem, skaner ýaly goşmaça gurluşlar. Kompýuterleriň aragatnaşygy düşünjesi olaryň maglumat alyş – çalşygyny aňladýar.

Dowamy bar...

Agza: Graf tarapyndan