• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga  kabul edýändigini  yglan edýär:

1. Nakgaşçylyk (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatrhaşam nakgaşçylygy).

2. Grafika (hünärler:  stanok  grafikasy; kitap grafikasy).

3. Heýkeltaraşlyk (hünär:  heýkeltaraşlyk).

4. Binagärlik (hünärler:  binagärlik gurşawynyň bezegi;  binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).

5. Dizaýn  (hünär:  dizaýn).

6. Sungaty  öwreniş  (hünär:  şekillendiriş sungatynyň taryhy we  nazaryýeti).

7. Amaly-haşam  sungaty (hünärler:  keramika sungaty; zergärçilik sungaty;  halyçylyk  sungaty).  Tölegli  esasda  okadyljak  hünärmenleriň  taýýarlanylýan  ugurlary  we hünärleri:

1. Sungaty  öwreniş  (hünär:  şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti).  Akademiýa  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da orta hünär  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul edilýär.

Döredijilik ugurlary  boýunça  okuwa  girýän  dalaşgärler kabul ediş toparyna  özbaşdak  ýerine  ýetiren  işlerini  (galamda  çekilen  suratlar,

nakgaş  eserleri,  heýkel  we keramika  işleri  we ş.m.) tabşyrýarlar.

Resmi  iş kagyzlary  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy   iýuly  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusga  boýunça  rektoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy  orta  (ýa-da orta hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl nusgasy),  Türkmenistanyň  Medeniýet  ministrliginiň  garamagyndaky  ýörite  we orta  sazçylyk, çeperçilik  we sungat  okuw mekdeplerini  tamamlap  iki ýyllyk  iş tejribeligini geçýän  ýaşlar  üçin orta  hünär  bilim  hakyndaky  wagtlaýyn  şahadatnamanyň  nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary,  taýýarlygyň  döredijilik  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  bilim  edaralaryna  girýän  milli  we halkara  döredijilik  bäsleşikleriniň  ýeňijileri  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýän  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  kabul  edýän iş toparyna  aşakdakylary  görkezýär  we nusgalaryny  tabşyrýar:

— şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.

Dalaşgär  talyplyga  kabul  edilmek   üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip biler.

Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  30-njy iýuly

— 10-njy  awgusty  aralygynda  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynda  (Aşgabat  ş.)  geçirilýär.

Giriş  synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

Nakgaşçylyk  ugry  — galamda  adamyň  göwresiniň  şekilini  we  reňkde  adamyň  portretini  çekmek; berlen temadan  taslama  ýerine  ýetirmek;  Türkmenistanyň  taryhy;

Grafika  ugry  — galamda  adamyň  göwresiniň  şekilini  we reňkde  adamyň  portretini  çekmek;  berlen  temadan  taslama  ýerine  ýetirmek;  Türkmenistanyň  taryhy; 

amaly-  haşam  sungaty  ugry  — galamda  gipsden  ýasalan  adamyň  portretini  we  reňkde  natýurmort  çekmek;  hünär  aýratynylygyna  laýyklykda  berlen temadan  taslama  ýerine  ýetirmek;  Türkmenistanyň

taryhy;

heýkeltaraşlyk  ugry  — galamda  adamyň  göwresiniň  şekilini  çekmek  we gipsden  ýasalan  adamyň  palçykdan  portretini  ýasamak; berlen  temadan  heýkeltaraşlyk  taslamasyny  ýerine  ýetirmek;  Türkmenistanyň taryhy;

binagärlik  ugry  — galamda  gipsden  ýasalan  adamyň  göwresiniň  şekilini  we reňkde  natýurmort  çekmek;  berlin  çyzgynyň  aksonometriýasyny  düzmek;  Türkmenistanyň taryhy;

dizaýn  ugry  — galamda  gipsden  ýasalan  adamyň  portretini  we  reňkde  natýurmort çekmek;  berlin  temadan  dizaýn  taslamasyny  ýerine  ýetirmek;  Türkmenistanyň  taryhy;

sungaty  öwreniş  ugry  — galamda  natýurmort  çekmek;  berlin  temadan  taslama  ýerine  ýetirmek;  Türkmenistanyň  taryhy.

Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  we çeperçilik  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Türkmenistanyň  taryhy  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da   ersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky synaglara  goýberilmeýär. 

Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar: 

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň  salgysy:  Aşgabat  ş.,  Alyşir  Nowaýy