• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäniň iň uly syýahat gämisi

2016-njy ýylyň 15-nji maýynda Fransiyanyň Sen-Nazera şäherindäki portundan uzynlygy 362 metr, ini 62 metr, boýy deňizden ýokarsy 70 metr, 120 000 tonnalyk syýahat gämisi bolan "Harmony of the Seas" deňize çykaryldy. Soňra bolsa bu äpet gämi Beýik Britaniýanyň Sautgemptona portuna tarap ugrady. Bu dünýäde iň uzyn, giň hem-de bir söz bilen aýdylanda şu güne çenli dünýädäki iň uly gämi bolup durýar.

Gäminiň içinde dürli hilli otaglar bar, ýagny uly bolmadyk otaglardan başlap lýuks otaglara çenli, olaryň käbirlerinde bolsa diwardan asylan ekranlar bilen üpjün edilen ("wirtual balkon'' ady bilen), ol bolsa gäminiň daş-töweregine syn etmäge mümkinçilik berýär.. Şeýle ekranlar ilkinji gezek syýahat gämileri üçin gurnalan. Onuň iň uly otaglarynyň biri "Loft Suites" diýlip atlandyrylýar. Gäminiň içine 6000-den gowrak ýolagçy hem-de 2200-e golaý ekipaž ýerleşýär.