• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Awtoulaglar kompýuter ulgamy bilen üpjün ediler

Soňky wagtlarda awtoulaglarda ygtybarlylygy artdyrmak hem-de sürüjiniň işini ýeňilleşdirmek maksady bilen kompýuter tehnalogiýasyndan has köp peýdalanylýar. Bu ýagdaýda geçen aýda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen sergide hem göz ýetirildi. Sebäbi awtoulag sergisine düýä belli tehnologiýa kompaniýalary hem gatnaşdy. Sebäbi mobil enjamlary öndürýän firmalar awtoulaglar üçin howpsuzlyk ulgamy taýýarlaýarlar. Şeýle ulgamlaryň birini mobil enjamlary öndürmekde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýasy “Apple” taýýarlady. “CarPlay” atly bu ulgamdan “Porsche” kompaniýasy hem peýdalanjakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň täze “Porsche 911 Carrera” hem-de “Porsche 911 Carrera S” modellerinde “Apple CarPlay” ulgamy oturdylar. “Porsche” brendi “Volkswagen” toparyna degişlidir. “Volkswagen”-iň beýleki ulaglary “Google” kompaniýasynyň “Android Auto” ulgamyndan peýdalanar.