• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäde iň tiz superkompýuterler ýasalar

ABŞ-nyň  Energetika ministrligi  özi üçin dünýäde iň tiz işleýän superkompyuter döretmek üçin  200 million dollar  bölüp berýändigi barada mälim etdi.”Aurora”-nyň amallary özüniň tizligi boýunça häzirki meňzeşlerinden 5-7 esse ozup geçer. “Aurora” superkompýuteriniň gurluşygy ministrlige degişli Argon milli barlaghanasyna tabşyryldy.Bu barlaghanada  Çikago-dan 40 kilometr günbatarda ýerleşýär.Dünýäniň iň uly kompyuteri hut şu ýerde gurlar.”Aurora” superkompýuteri az uglerodly energiýanyň mundan buýanky ösüşinde we älem baradaky düýpli düşünjelerimize eder diýlip, Energetika ministrliginiň orunbasary Linn Orryň ýaýradan beýannamasynda mälim edilýär. Ministrlikde mälim etmeklerine görä, superkompýuteri  döretmegiň maksady Birleşen Ştatlaryň başga döwletler bilen  şu ugurda üstünlikli  bäsleşip bilmek mümkinçiligini döretmekden ybaratdyr.Mälim edilişine görä, “Aurora”has güýçli we täsirli akkumulýatorlary, şol sanda, Gün batareýalarynyň panellerini ýasamaga mümkinçilik berýän materiallary işläp düzmäge ýardam berer. Şeýle hem bu kompýuter biologik barlaglarda we energiýa çeşmelerini özleşdirmekdäki gözleglerde ulanylar diýlip, çak edilýär.Superkom-pýuter görkezilen maksatlarda ulanmak üçin 2019-njy ýylda taýýar bolar.