• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

CES-2018 sergisinde akylly Wi-Fiber görkezilişe çykaryldy

Bilşimiz ýaly bu ýylky geçirilýän CES 2018 sergisinde hem ylmyň we ýokary tehnologiýanyň dürli sferalary boýunça täsin zatlar görkezilişe çykaryldy. Olaryň biri hem startap kompaniýasynyň Wi-Fiber ady bilen belli bolan, şäher köçelerini ýagtylandyrmak üçin niýetlenen “akylly” tehnologiki moduldyr. Bu köçe çyrasy serginiň dowamynda “akylly şäher” diýen ideýanyň bir bölegi bolup, diňe bir köçeleri ýagtylandyrmak bilen çäklenmän, eýse ol şäher hereketlerini yzarlamaga, howsala barada habar bermäge we internet paýlamaga mümkinçiligi bar bolan enjamdyr.

         Bu çyranyň içindäki modullary biri-biri bilen baglanyşykly bolup we gerekli sazlamalary ýerine ýetirip bolýar. Ýagny howsala ýüze çykan halatynda lampanyň reňki üýtgäp, howsala barada şäher içindäki adamlara duýdurmalary bildirýär. Olardan başgada munuň Wi-Fi paýlamaga, sesi bilen birlikde 4K durylyga çenli widio ýazgylary ýerine ýetirmäge we ýazylan sesleri seljermäge (tanamaga) mümkinçiligi bardyr. Wi-Fiber belli bir adamy yzarlap we ol adymyň surat we ses ýazgylaryny ýygnap bilýär. Ondan başgada ýaragdan ot açylan halatynda ýa-da ýangyn hadysalarynda howanyň düzümini seljermek bilen hadysa barada habar berip bilýär.