• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Sony Xperia XA Ultra

Häzire çenli “Xperia Z”, C hem-de M seriýalaryny öndüren “Sony” kompaniýasy täze telefonlary çykarmagyny dowam etdirýär. Kompaniýa mundan ozal, tanyşdyran “Xperia X”, “Xperia X Performance” we “Xperia XA” modellerine ýene bir agzany goşdy. Ýapon kompaniýasy “Xperia XA Ultra”-nyň resmi tanyşdyrylyşyny amala aşyrdy. Bu telefon “Xperia XA”-nyň ulurak görnüşi. Onuň iň esasy tapawutly aýratynlygy beýlekilerden uly bolan kamerasy. Kamera diýlende, iň öňdebaryjy kompaniýa bolan “Sony”-nyň bu telefonynyň öňki kamerasy LED çyra hem-de OIS tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. Onuň 21,5 MP-lik yzky kamerasynda OIS aýratynlygy ýok. Şeýlelikde, “HTC 10” telefony yzky we öňki kamerasynda OIS tehnologiýasy bolan ýeke-täk telefon bolmagynda galýar. Telefonyň 1080 x 1920 piksel durulygynda 6 dýuýmlyk ekrany, 3 GB RAM-y, 16 GB-lyk ulaldyp bolýan ýady bar. Onuň zarýady iki güne ýetýär. Iýulda satuwa çykaryljak enjamyň bahasy mälim edilmedi.