• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

120 ýaşda nädip ýaş bolmaly?

Takmynan gadymy döwürleriň adamlarynyň ortaça ýaşy 33 ýyl bolupdyr. Ýöne siwilizasiýanyň ösmegi bilen, durmuşyň gowulaşmagy arkaly, ýagny şol sanda gigiýenanyň peýda bolmagy hem-de medisinanyň üstünlikleri esasynda ýaşaýşyň ortaça dowamlylygy ösdi. Mysal üçin, Ýaponiýada soňky maglumatalara görä, ýaşaýşyň garaşylýan döwri 83,7 ýyla deň boldy.

Resmi ýagdaýda hasaba alnan iň uzak ýaşan adam Fransuz aýaly Žan Kalmandyr – ol 122 ýaşapdyr.

Garrylyk meseleleri bilen işleýän ylma “gerontologiýa” diýilýär (grek söz bolup “geros” - “ýaşuly” diýmekligi aňladýar). Öňler gerontologiýada organizmiň garramasynyň umumy şekilini öwrenip we dürli faktorlaryny analiz edip bilýädiler, häzirki zaman ylmyň ösmegi bilen garrylyk prossesinde öýjük we molekulýar derejelerine täsir etmek mümkinçiligi peýda boldy.

Gerontologiýanyň täze ugurlarynyň biri gen terapiýasydyr. Häzirki zaman metodikalary käbir genlary “gowulandyrmaga” kömek edýär: laoboratoriýaň haýwanlarynda geçirilne eksperimentlere görä, gen terapiýasynyň kömegi bilen olaryň ömürleriniň dowamlylygyny 30 % ulaldypdyrlar. Ýöne, şeýle eksperimentler adamda geçirmek häzirlikçe gadagan.

Emma, häzirki zaman medisinada garrylyk prosessini haýýalatmak mümkinçiligi bar – geroprotektorlaryň kömegi bilen. Häzirki güne çenli olaryň iki ýüz görnüşi mälimdir. Mysal höküminde, geroprotektorlaryň metformin, nikotinamid ribozid, resweratrol we kurkumin görnüşleri bardyr.

Russiýada iň meşhur gerontologlaryň biri – professor Alekseý Moskalýew, ol geljekde adamzadyň ömrüni 120 ýyla çenli uzaldyp bolar diýip hasaplaýar. Iňlis dilindäki ylmy edebiýatda ýörite termin peýda bolupdyr – wellderly (well – “sagdyn”, ederly – “garry”), bu 80 ýaşdan ýokardaky adamlarda hiç-hili keselsizligi aňladýar. Geroprotektorlar öz gezeginde diňe bir ömri uzaltman, eýsem birnäçe keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.