• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Öýjükli ykdysadyýetiň başyny çekdi

Golaýda “Forbes” žurnaly  ilkinji gezek öýjükli ykdysadyýet bilen tanalýan dünýäniň 100 öňdebaryjy   kompaniýasynyň  reýtingini mälim etdi. Reýtingiň başyny bölekleýin satuw bilen iş salyşýan “Amazon”  kompaniýasy  çekýär. Ikinji orna bolsa, filmleriň we seriallaryň söwdasyny edýän “Netflix” kompaniýasy mynasyp  boldy. Üçünji, dördünji we bäşinji orunlary degişlilikde, “NVIDIA Corporation”, “Salesforce. com”   we “ServiceNow” kompaniýalary  eýelediler. Bu reýting dünýäniň 17 ýurduny we sebitini öz içine alyp, onda ABŞ-nyň we Hytaýyň  kompaniýalary agdyklyk edýär. Bu iki ýurt sanlar boýunça beýleki ýurtlardan öňe saýlandy.