• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“APPLE WATCH” –YŇ TÄZE GÖRNÜŞI

“Apple Watch” “akylly” sagatlarynyň satuwyna başlan pursadyndan bäri, eýýäm, ep-esli wagt geçse-de, häzir metbugatda “akylly” sagatlaryň täze nesliniň çykjak senesi hakynda birgiden çaklamalar bar. Koreýanyň saýty “mk.co.kr” –nyň maglumatlaryna görä, bu enjam 2016-njy ýylda satuwa çykyp, enjam üçin niýetlenen P-OLED panelleri bilen üpjin ediji bolsa, LG kompaniýasy bolar. “Apple” 2010-njy ýylda özüniň ilkinji  “iPAD” planşet kompýuterini hödürledi. Eýýäm, 2011-nji  ýylda “iPAD 2” hödürlenip, ozalkysyndan ýukaldy, kamera we täze mümkinçiliklere eýe boldy. Bu iki görnüşiň arasynda hil taýdan özgeriş bolupdy.  “Apple Watch” bilen hem edil şeýle ýagdaýyň bolmagy mümkindir.Bar bolan maglumatlara görä, “Apple” 2016-njy ýylda şereketiň sagatlarynyň ikinji görnüşini teklip eder.

Täze modeliň has gowulaşdyrylan aýratynlygy bolup, doly güýjünde işlemegi üçin “iPhon”-e baglamagyň zerurlygy bolmaz. Ähli programmalary sagada ýükläp, gös-göni onuň  özünde ýola  goýup bolar.

Häzir “Apple”-niň dakynylýan enjamlarynyň üstünde alyp barýan işlerini dowam etdirmek boýunça meýilnamalary barada öňünden bir zatlar aýtmak ir hem bolsa, bu kompaniýa “Apple Watch” –yň indiki görnüşinde onuň saglygy goramak we fitnes bilen bagly  funksiýalaryna  aýratyn üns gönükdirer diýip, çeşme tassyklaýar.Enjamyň programmasyndaky artykmaçlyk bolsa, kämilleşdirilen duýguçlar arkaly adam bedeniniň işjeňligine gözegçilik edýän opsiýanyň mukdary artdyrylar.

“Apple Watch”-yň  asyl nusgasy akselerometr bilen birlikde, bir topar sensorlara, giroskopa, ýürek ritminiň ýygylygyna ölçeýän duýguçlara eýe boldy. Şonuň bilen birlikde, sagatda energiýanyň köp mukdaryny talap edýän GPS ykjam aragatnaşyk ýardamçasy ýok. Bu mümkinçilikleri “iPhone” baglap, ulanyp bolýar. Häzirki wagtda “Apple” şereketleri ulanyjylaryň fiziki  işjeňligine gözegçilik giňeltmek boýunça mümkinçilikler bilen gazanylýar.Munuň üstesine-de, “wachOS” amaly  ulgamy dürli görkezijileri, şol sanda ädilen ädimleriň sanyny, hatda ulanyjynyň günüň dowamynda näçe wagtlap hereketsiz durandygyny bellige almaga mümkinçilik berýär.

Her niçik bolsa-da ony kämilleşdirmek üçin hemişe degişli gorlary tapmak mümkin bolup, “Apple” häzirki wagtda sagat hyzmatlary şereketi “HealthKit” bilen has ýygjam aragatnaşyk saklaýar we enjamyň hereket işjeňligini  kämilleşdirýär.