• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE ÇEPERÇILIK MEKDEBI

2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Nakgaşçylyk.

2. Metaly çeper bejermek.

3. Grafika.

 Ýörite çeperçilik mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda Kabul edilýär.

 Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda Kabul edilýär.

 Resmi iş  agyzlarynyň  sanawy:

 — bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy   orta  bilim  barada  resminamanyň  asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman   senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň    tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa girýän  ýylynda  mekdep okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri, umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary,  taýýarlygyň  döredijilik  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  bilim  edaralaryna  girýän  milli  we  halkara  döredijilik  bäsleşikleriniň  ýeňijileri şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler   ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we  nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny; 

— 2 sany  galamda,  2 sany  reňkde,  2 sany  eser (kompozisiýa) işlerini.

Dalaşgär talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin  dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş synaglary we okuwa Kabul edilmek 2017-nji ýylyň iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günlerinde  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler  boýunça galamda  surat  çekmek, eser  döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden  geçirilýär.  Giriş  synaglary  galamda  surat  çekmek, eser döretmek (kompozisiýa)  dersleri  boýunça  çeperçilik  we sungat  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň,  Türkmenistanyň  taryhy dersi  boýunça  bolsa  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Türkmenistanyň  taryhy  dersi  boýunça  giriş  synaglary  döwlet dilinde dilden geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.  Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— çeperçilik mekdebini  we sungat  mekdepleriniň  çeperçilik  bölümini

tamamlanlar.

Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň  ýanyndaky  Türkmen  döwlet  ýörite  çeperçilik  mekdebiniň  salgysy:  Aşgabat  ş., Salawat  Ýulaýew  köçe,  1;  tel.: 34-08-18, 34-14-28.