• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hytaý - dünýäde ilkinji kwant kommunikasiýasy üçin emeli hemra döredýär

Hytaý 2016-njy ýylyň iýul aýynda barlag emeli hemrasyny goýbermekçi bolýar. Ol emeli hemra geljekde goragly kwant, diňläp bolmaýan aragatnaşygyny dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda şeýle aragatnaşygy arkaly maglumat alyş-çalyş ýerine ýetirlip bilinýär, emma welin bu aragatnaşyk haýsy düzgün-tertibe laýylykda işlemelidigi, ony nädip optikisüýümli geçirijä berilmelidigi, beýleki kompenentleri baradaky we ol häzirki wagtda diňe laboratoriýa şertlerinde işläp bilýändigi baradaky soraglar çözülmedik galýar.

Egerde bu taslama üstünlikli ýerine ýetirilse, onda ol dünýäde kwant kanaly arkaly älem giňişligi bilen ilkinji aragatnaşyga ýol açar. Uçuruljak emeli hemranyň geljekde kwant tehnologiýalary bilen baglanyşykly bolan birnäçe açyşlara getirmegine garaşylýar.

Munuň uçurylyşy 2016-njy ýylyň ikinji ýarymynda ýerine ýetirilip, ol Pekin we Şanhaý şäherleri bilen birikdiriler. Muny häzirlikçe diňe döwlet gurluşlary hem-de maliýa düzümleri üçin peýdalanmak göz öňünde tutulýar.