• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

5G synagdan geçirilýär

Hytaýda has ýokary hilli geçirijisiz internet hyzmatynyň 5-nji nesli synagdan geçirilip başlandy. Ýurduň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň beýanatyna görä, ýokary derejeli mobil internet tizligi we has köp maglumat geçirmäge mümkinçilik berjek 5G tehnologiýasy 2020-nji ýylda hyzmata hödürlener. Ministrlgiň çäginde 5G ylmy-barlag bölüminiň başlygy Jao Şumin barlagyň we synagyň maksadynyň global 5G ülňüleriniň döremegine goldaw bermekden we aragatnaşyk senagatynyň ösüşini artdyrmakdan ybaratdygyny mälim etdi. Ýeri gelende aýtsak ýurtda 2013-nji ýylda 4G hyzmaty hödürlenip başlady. 905 milliondan gowrak mobil internet ulanyjysynyň 380 millionynyň 4G hyzmatyndan peýdalanýandygy mälim edildi. Mobil enjamlaryň internet arabaglanyşygynda 3G tehnologiýasy sekuntda 28 megabit, 4G tehnologiýasy sekuntda 100 megabit maglumat geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu görkezijiniň 5G tehnologiýasynda müň megabit boljakdygy aýdylýar.