• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Sesden çalt ýöreýän Hyperloop otlysy geljekde gündogar Ýewropa ornaşdyrylar

Hyperloop Transportation Technologies kompaniýasy Slowakiýa döwleti bilen geljekde sesden çalt ýöreýän ulag ulgamynyň Bratislawa, Wena we Budapeş aralygyndaky gurluşygyna başlamak boýunça şertnama baglanyşdylar.

Häzirki wagtda şeýle uly tizlikli Hyperloop otlysynyň tizligi takmynan awtomobil bilen 1 sagatda geçilýän ýoly 8 minuda çenli gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Dirka Albornanyň aýtmagyna görä Hyperloop otlysynyň tizliginiň ýeterlikdigini ýöne bu ulgam boýunça öwrenilmän galan faktorlaryň bardygyny öz sözýnde belläp geçdi.

Bu taslamanyň gutarnykly çözgüdini Ýewrosaýuzyň mejlisinde kabul ediler we onuň gurluşygy üçin gerekli maýa goýumy Slowakiýa döwleti tarapyndan maliýalaşdyrylar.

Slowakiýa döwleti merkezi Ýewropada iň çalt ösýän döwlwtleriň biridir. Hatda häzirki wagtda bu döwletde Audi Q7, Volkswagen Touareg we Porsche Cayenne ýaly gymmat bahaly awtomabilleriň zawotlary ýerleşýär. Iň esasy bellemeli zatlaryň biri hem Bratislawadaky AeroMobil firmasy tarapyndan 2017-nji ýylda uçýan awtomobilleriň köp mukdarda öndürmekligi ýola goýulmaklygy göz öňünde tutulýar.

Hyperloop taslamasynda turbina ulgamy bolup ýolagçy kapsulaly gurluşdyr. Kapsula – bu gibrit wakkumly otly dartyjysydyr. Onuň ortaça tizligi 1130 km/sag deňdir. Hyperloop kapsulasy ýapyk germetiki turba bolup, onuň içnde basyň adaty 1000 kPas atmosfera basyşyndan ýokary galmaýar.

Bu taslama aslynda amerkan telekeçisi, SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjysy Ilonu Masku we Tesla Motors kompaniýasynyň direktorynyň pikiri esasynda esaslandyrylandyr.