• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Köp dil bilmegiň peýdalary

Köp dil bilmegiň peýdalaryny bilmeýänimiz ýol bolsa gerek?  Köp adam üç – dört dil däl –de, has köp dilde gepleşip hem- de ýazyp bilýär. Hünärmenler birnäçe dili öwrenmegiň  has aňsat ýollaryny gözleýärler we bu hakda yzygiderli barlaglar geçirýärler. Golaýda Berlinde köp dil bilýänleriň ýygnagy geçirildi. Oňa 350 töweregi adam gatnaşyp, olaryň arasynda 30 dil bilýäni hem bar. Başga dilde geplemegiň özüne mahsus kynçylklary bar. Daşary ýurt dilinde gürlemek üçin ony öwrenmek ýeterlik bolmaýar. Şol bir wagtyň özünde ony ene diliňdäki ýaly suwara geplemek hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hünärmenler haýsydyr bir dilde arkaýyn gepleşmek üçin 10 müň söz ýeterlikdigini belleýärler. Olary bize gerek wagtynda ýada  salmak hem gerek. Kähälatlarda bilýän zadyň ýadyňa düşmeýän wagty hem bolýar.

Hünärmenler ikinji we ondan köp dili öwrenmegiň kyndygyna garamazdan, onuň peýdasynyň hem az däldigini belleýärler. Beýniňi işjeň saklamak üçin, ýagny oňa maşk geçirtmek üçin iň amatly usulyň dil öwrenmekdigi aýdylýar. Bu barada geçirilen ylmy barlaglar ünsli bolmagyň ýatkeşligi güýçlendirýändigini ýüzw çykarypdyr.

Soňky geçirilen barlaglar dil öwrenmegiň ýaşlykda aňsatdygy, emma ony islendik ýaşda hem öwrenip boljakdygyny anyklapdyr. Birnäçe dilde gürläp bilýänleriň köpüsiniň uly ýaşda täze dil öwrenendigi bellenilýär.

Dil öwrenmegiň usullary

Eýsem, daşary ýurt dilleriniň birnäçesini bilýänler, ony nädip öwrenýärkä?  Belki olaryň köpüsi dünýä ýyrtlaryna has köp gezlenç ednsoň, beýleki dili öwrenmäge höwesek bolup biler. Ikinji, üçinji we ondan köp dili öwrenen adam, hamana, başga birine öwrülýär. Sebäbi diňe dil däl, şol milletiň medniýeti hem öwrenilýär. 20 dil bilýän Tim Killi bu barada giňişleýän kitap ýazýandygyny belleýär. Ol başga dil öwrenilende başga “reňkde”  bolmalydygymyzy, ýagny , edil hameleon ýaly bolunmalygyna ünsi çekýär. Şeýle hem diliň adamyň endiklerini hem üýtgedýändigi bellenilýär. Her diliň adama öz durmuşuna degişli başga zatlary ýatladýandygy hem aýdylýar. Mysal, üçin rus ýazyjysy Wladimir Nabokow öz awtobiografiýasyny ýazanynda şeýle ýagdaýyň bardygyny anyklapdyr. Ol ilki kitabyny iňlis dilinde ýazyp, ony öz ene diline terjime edipdir. Ol öz eserini terjime eden mahaly öz durmuşyna degişli başga zatlar onuň ýadyna düşüpdir. Şunlukda, ol ýadyna düşen zatlaryny hem eserine goşupdyr. Netijede, has başgaça kitap ýüze çykypdyr. Soňra bu kitaby iňlis diline terjime edipdir.

Öýkünmegiň täsiri

Ýaponiýadaky ýokary okuw jaýlarynyň birinde mugallym bolup işleýän Killi adamlar öz ýanyndakylara näçe köp öýkünip bilýän bolsa, şonça-da aňsat dil öwrenip biljekdigine ünsi çekýär. Beýleki dilde gepleşilende adamyň başga şahsyýete öwrülmegi onuň gürleýän dilini başga dil bilen garyşdyrmagyň hem öňüni alýar. Kili adamyň  beýnisinde her dilde, medeniýete degişli aýratyn bölümleriň  bardygyny belleýär. Mihael Lewi Harris hem on dilde suwara gürläp bilýär. 12 dilde orta derejede düşünýär. Ol täze öwrenilen zatlary amalyýetde peýdalanmagyň, ýagny gepleşmegiň ähmiýetine ünsi çekýär. Şeýle hem şol dildäki gyzykly zatlara tomaşa etmegiň, aýdym diňlemegiň hem peýdasynyň bardygyny belleýär.

 

Agza: Graf tarapyndan