• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Rossiýada täze pilotsyz uçujy dikuçary barlagdan geçirdiler

Pilotsyz uçujy apparatlar bilen işleýän sferada «Wertalýot Rossiýa» holding birleşmesi hem özüniň täze pilotsyz uçujy dikuçaryny barlagdan geçirýär. «Wertalýot Rossiýa» holding birleşmesi bu işi önümçilik konstruksiýa awtomatikasy býurosy bilen bilelikde alyp barmak bilen, hünärmenler eýýäm iki sany uçjy appardyň taýýar bolandygyny aýtýarlar.

         Häzirki wagtda dikuçar 500 kilograma çenli ýüki göterip, sagatda 150 km tizlik bilen hereket edip, bir gezek ýangyçdan doldurylanda 4 sagada çenli howada hereket edip bilýär. Bu uçujy apparaty dolandyrmak üçin ýörite tehniki enjamlary ýerleşdirilen KamAZ ýük awtomabilini ulanmak bilen, ol uçujy apparady transpartirowka we beýleki maksatlar üçin ulanylýar. Bu pilotsyz dikuçary eýýäm 2018-nji ýylyň ikinji ýarymyndan doly barlagdan geçirmäge başlanmakçy.