• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÄZE TEHNOLOGIYA LORA ULGAMY HAS UZAK ARALYKDAN MAGLUMAT ALYŞYP-BERIŞMÄGE MÜMKINÇILIK DÖRETDI

Simsiz aragatnaşygy biziň hiç birimiz şugünki gün gözümiz bilen görüp bilmeýäris. Emma welin biz öz dost-ýarlarymyz bilen simsiz uzak aralykdan retranslýater ulgamlary arkaly elektromagnit tolkunlarynyň üsti bilen örän uly tizlikde maglumat alyşyp-berişip bilýäris. Şeýle bolsada Ýaponýanyň ylmy topary tarapyndan munuň ýeterlik däldigi halk kňpçüligine açylyp görkezildi. Ýagny has uzak aralykden stansiýa zynjyryny ulanmazdan aragatnaşygy upjin etmegiň usulyny görkezdiler.

 Bu tehnologiýa Tokiýa şäherinde geçirilen Factory 2016 Fall atly ylmy-sergisinde SystemBase Ýapon kompaniýasy tarapyndan köpçülige ýetirildi. Bu aragatnaşyga mümkinçilik berýän innowasion mikroplatforma LORY  (Long Rage) bolup, ol 10 km çemesi aralykdan iki müşderiniň aragatnaşygyny retranslýatorsyz üpjin edip biljek. Häzirlikçe bu ulgamy döredenler, onuň algoritimi,  nähili işleýşiniň barlygyny bolsa hiç-hili mälim edilmeýär. Bu ulgam islendik söňky çykan enjamlara Bluetooth üsti bilen birigip bilýär. Munuň maglumat geçirijiligi sekunta 300 kbit-e çenli ýetýändir.

LORA platformasyna dakylýan bu Lory modemiň ölçegleri 90 х 45mm, galyňlygy 12mm deň bolup, 168 sagada çenli özbaşdak iş ýagdaýynda galmaga niýetlenen zarýat saklaýjy ulgamy bar.