• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Google kompaniýasynyň Google Pixel we Pixel XL enjamlarynyň bahasy

Çaklamalar gutardy we myş-myşlara aýdynlyk girizildi. Hakykatdan hem Google Nexus liniýasyny ýok edip, öz täze Pixel we Pixel XL döremesini hödürledi. Ýöne bu işlenip çykarlan döremä HTC hem gatnaşan bolmagy mümkin, ýöne anyk däl. Telefonlarda iň täze güýçli Snapdragon 821 prosessorlar göz öňünde tutulan, displeýi 5 dýumly 1080 r bilen ölçegde we 5,5 dýum 1440 r bilen, 4 Gb operatiw ýad, 12 Mp kamera hem-de gowy göwrümli batareýa bilen üpjün edilen.

Pixel we Pixel Xl iki HTC-de işledilendigine garamazdan Google başga smartfonlardada bökdençsiz işlär ýaly wariantlaryny hödürleýär.

Telefonlaryň içinde Android 7.0 Nougat, çagalar üçin Daydream VR platformasy goýlan we surat hem wideo şeýle hem 4K wideo sygyjylygy üçin mugt uly göwrümli ýad maksada laýyk edilen.

Bu enjamlar näçe durar we haçan elýeter bolar? Öňünden buýurmak üçin telefonlar eýýäm bu gün ABŞ-da elýeterli.

Başlangyç bahasy 649 $ ýa-da aýda 27$. Elbetde Pixel google magazinlerde ýapyk görnüşde hödürlener.Şeýlede ol Project Fi seti bilen googlda işlär. 128 Gb ýadly Google Pixel 749 $, Pixel XL- 32 Gb ýadly bolsa 769 $ alyp bolýar. Eger Pixel XL 128 Gb ýad gerek bolsa 869 $ durýar. Megerem gök wersiýa diňe ABŞ üçin elýeter bolar.