• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Haker windows 10 operasion ulgamyny döwdi we Lumia smartfonyna Google Play Store gurnady

International Business Times neşirýatynyň habar bermegine görä, Polşaly haker, Karov_mm lakamy bilen meşhur bolan, Windows 10 operasion ulgamyny döwüpdir we Lumia smartfonynda Google Play Store programma üpjünçilikler magazinini gurnapdyr.

Windows 10 operasion ulgamly mobil enjamlarynda Android programma üpjünçiliklerini  gurnap bolmaýandygyny belläp bolar. Hünärmenleriň tassyklamakalaryna görä, bu haker onuň kemçiliklerini tapyp gurnamaklygy başarypdyr.

Eger-de şeýle ýagdaý hakykatdan hem dogry bolup çyksa, onda ulanyjylaryň köpüsi üçin gowy habar bolar.

Bellemeli zat, Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredilen Project Astoria tehnologiýasy, Android programmasynyň koduny ulanmak arkaly oýlap tapyjylar Windows bazasyndaky smartfonlar üçin programma üpjünçiliklerini döretmeklige mümkinçilik berýär.

Emma, köp ulanyjylar özleriniň Windows enjamlarynda Google Play Store magazinini ulanmaklygy isleýärler.