• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hytaýyň haýwanat bagynyň haýwanlary ýer titremesini öňünden bilýärler

Hytaýlylar towugy, doňuzy we balyklary boljak ýet titremesini öňünden bilmek üçin olaryň kömegine garaşýarlar.

Hytaýyň öňki paýtagty Nankin şäheriniň ekologiki parkynda Ýanszy derýasynyň boýunda haýwanlara seredilýän üçin 7 sany park gurnalypdyr.

Banqiao haýwanat bagy şäherden 40 minutlyk uzaklykda ýerleşen, onuň içinde 200-e golaý doňuz, 2000 sany towuk we dürli görnüşli balykly 15 gektar  suw bar. Seredilýän meýdançada haýwanlaryň hereketlerine syn etmek bolýar. Monitoring üçin hiç-hili ýörite enjam gerek däl. Haýwanat bagynyň işgärleri haýwanlara gündelik syn etmeli we olaryň hereketleri barada Nankin şäheriň seýsmologik merkezine QQ tiz habarlaşma serwisi arkaly  hasabat bermeli. Barlagçylaryň aýtmaklaryna görä: eger-de ýer titreme hökman bolan ýagdaýynda, onda haýwanlar özlerini örän geň galdyryjy ýagdaýda alyp barýarlar, sebäbi olar adamlardan tapawutlylykda daşky gurşawa örän duýgurdyrlar.

Hytaýlylar häzirki güne çenli seýsmiki howplary çaklamaklykda has ähmiýetli üstünliklere ýetdiler. 1975-nji ýylda Haýçen şäherinde bolan ýer titreme wagtynda öz wagtynda ýerine ýetirilen ewakuasiýanyň netijesinde birnäçe pidalardan gaçyp boldy. Ewakuasiýanyň aýdylmagynyň sebäbi haýwanlaryň hereketleriniň üýtgemegi esasyndadyr: ýagny ýylanlaryň öz hinlerinden çykmagy, alakalar bolsa gaçyp köçäni doldurypdyrlar.

Hytaý – seýsmiki aktiwligniň has ýokary, tebigy heläkçiligiň köp bolýan ýeridir. Olaryň içinde iň ulusy 1556-njy ýylda Beýik hytaý ýer titremesi atlandyrylýan Şensi prowinsiýasynda bolupdyr, adamzadyň taryhynda 830 000 müň adam pida bolupdyr. 1900-nji ýyldan başlap hytaýyň halky jemi 800 sany magnitudasy 6 baldan ýokary ýer titremelerini başyndan geçiripdirler.