• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Mazda PTK-i 56% bolan «ekologiki» içinden ýandyrylýan hereketlendirijini çykarmakçy

Mazda kompaniýasynyň inženeri adaty hereketlendirijilerden 4 esse az zyýanly gazlary çykarýan, ekologiki taýdan arassa, Skyactiv-3 täze hereketlendirijiniň üstünde işleýändiklerini habar berdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň habar bermegine görä bu hereketlendirijini eýýam ýygnap başlanandygy aýdylýar. Skyactiv-3 hereketlendirijisiniň peýdaly täsir koeffisiýentiniň (PTK) takmynan 56%-e deň bolmagyna garaşylýar. Bu içinden ýandyrylýan hereketlendirijini kompaniýa 2019-njy ýyla çenli tamamlamagy maksat edinýärler.

Elektrik energiýasy bilen işleýän awtomobiller ekologiki taýdan arassa. Fransiýada elektrik energiýasyny öndürijileriniň 90%-i atmosfera C02  zyýanly gazyny goýbermeýärler. Ýewropa bileleşiginiň agzalary bolsa içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri öndürijilere ýuwaş-ýuwaşdan kanunçylyklary girzip başladylar. Şonuň üçin Mazda kompaniýasy hem bu ugurda öz gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakçy bolýar.