• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

KUWWATLY HEM TYGŞYTLY

Ýokary tizlikli ulaglary öndürmekligi bilen tanalýan “Porsche” kompaniýasy golaýda awtoulagyň ata mekany hasaplanýan Detroit şäherinde geçiriljek sergide öz täze ulagyny görkezer. Demirgazyk Amerika Halkara awtoulag sergisinde köpçülige görkeziljek 911 modeliniň täze seriýasynyň soňky görnüşleri bolan “911 Turbo” we “911 Turbo S” ozalky modelden has kuwwatly bolar. Ulagyň 3,8 litrlik, “Bi-turbo”, 6 silindrli motory 540 at güýjüne barabar kuwwata eýe bolmagyna ýardam edýär. “911 Turbo S” ulagynyň kuwwaty 580 at güýjüne barabar bolar.

Iki modelde hem ýangyjyň sarp edilişi azaldylandygyna garamazdan, has kuwwatly bolmagynda galýar. “911 Turbo S Coupe” 2,9 sekuntda 100 km/s tizlige ýetip bilýär. Iň ýokary tizligi ozalkysyndan 12 km/s has ýokary – 330 km/s. Ulag 100 kilometr ol geçende 9,1 litr ýangyç sarp edýär. “911 Turbo” 3 sekuntda 100 km/s tizlige ýetýär. Onuň iň ýokary tizligi 320 km/s. Ulag 100 kilometr ýol geçende 9,3 litr ýangyç sarp edýär. Iki ulagyň hem ýangyjy sarp edişi ozalky modelden 100 kilometrde 0,6 litr azaldylypdyr.

Adatdakysy ýaly, täze ulagyň daşky şekili ozalky modellerini ýada salýar. Gapdalyndaky howa ganatlary we inçe LED çyralarynyň goşmaça howa ganaty bilen birleşmegi öňki tarapynyň has giň görünmegini gazanypdyr. Gapdaldan seredilende, ulagyň 20 dýuýmlyk tigirleri göze ilýär. Ulagyň gapylarynyň tutawaçlary hem täzelenipdir.    

Ulagda maglumat-güýmenje ulgamy, onlaýn nawigasiýaly ekran oturdylypdyr. Ekran arkaly ýoluň ýagdaýyny şobada anyklamaga mümkinçilik alyp bolýar. Mundan başga-da ekran el ýazuwyna hem “düşünýär”. Şeýle hem el telefonlary we beýleki mobil enjamlar WiFi, “Bluetooth” ýa-da geçiriji arkaly ekrana baglanyp bilýär.