• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Ferrari GTO” awtoulagy

1963-nji ýyl­da ön­dü­ri­len “Fer­ra­ri GTO” aw­tou­la­gy 70 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Bu aw­tou­lag­dan ba­ry-ýo­gy 36 sa­ny­sy ön­dü­ri­len eken. Bu hä­zi­re çen­li iň gym­mat ba­ha­dan sa­ty­lan aw­tou­lag hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Aw­tou­la­gyň tä­ze eýe­si Da­wid Mak­Neýl aw­tou­lag­lar ak­ses­su­ar­la­ry­ny ön­dür­ýän “We­at­her­Tech” kom­pa­ni­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Aw­tou­lag 1964-nji ýyl­da “To­ur de France” ral­li­sin­de bi­rin­ji bo­lup­dyr. “Le Mans” ýa­ry­şyn­da bol­sa dör­dün­ji bo­lup pel­le­ha­na ge­lip­dir.
Mun­dan ozal, 1963-nji ýyl­da ön­dü­ri­len “Fer­ra­ri GTO” 2013-nji ýyl­da 52 mil­li­on dol­la­ra sa­ty­lyp­dy. 2014-nji ýyl­da bol­sa, 1962-nji ýy­lyň “Fer­ra­ri GTO” ula­gy 38 mil­li­on dol­la­ra sa­ty­lyp­dy. “Fer­ra­ri GTO”-lar he­mi­şe kol­lek­si­ýa­çy­lar üçin iň ar­zy­ly aw­tou­lag bol­ma­gyn­da gal­ýar. Se­bä­bi olar owa­dan­ly­gy, kuw­wat­ly­ly­gy we ýa­ryş ýol­la­ryn­da gör­ke­zen ne­ti­je­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bi­ler­men­ler bu aw­tou­lag­la­ryň ba­ha­sy­nyň go­laý­da 100 mil­li­on dol­la­ra çen­li ar­typ bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.