• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iňlis ýazyjy zenany Anna Berns “Milkman” (Süýtçi) romany üçin 2018-nji ýylyň “Buker” baýragyna mynasyp boldy.

“Buker” baýragy berildi

Iňlis ýazyjy zenany Anna Berns “Milkman” (Süýtçi) romany üçin 2018-nji ýylyň “Buker” baýragyna mynasyp boldy. Oňa berlen baýragyň möçberi 50 müň ýewrodan (66 müň dollar) ybarat boldy. Bu barada 16-njy oktýabrda Londonda geçirilen dabarada mälim edildi. “Süýtçi” romanyndaky wakalar 1970-nji ýyllarda Demirgazyk Irlandiýada bolup geçip, onda ýaş gyzyň başyna düşen agyr külpetler barada gürrüň berilýär. Britan ýazyjysy we filosofy Kwame Entoni Appianyň ýolbaşçylygyndaky emin agzalary Bernsiň eserini finalçylaryň gysga sanawynyň arasyndan saýlap aldy. Sanawda alty eser bolup, olaryň üçüsi britan ýazyjysyna, ikisi amerikan, ýenede biri bolsa, kanadaly ýazyja degişlidir. Üstümizdäki ýylda dört finalçy zenan, ikisi hem erkek kişi boldy. Gysga sanawa düşenlere 2,5 müň funt (3,3 müň dollar) pul baýragy berildi. Bu baýrak 1969-njy ýyldan bäri iňlis dilinde ýazylan edebi eserlere berilýär. 2013-nji ýyla çenli bu baýrak diňe Milletler Arkalaşygy ýurtlarynyň, şol sanda, irlandiýaly ýa-da zimbabweli awtorlara berilýärdi. Soňra emin agzalary düzgüni üýtgedip, ony eserleri iňlis dilinde ýazylyp, Beýik Britaniýada neşir edilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň awtorlaryna hem berip başlady.