• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Daşary ýurtlarda hem satylar

Hytaýyň iň uly smartfon öndürijileriniň biri bolan “Xiaomi” kompaniýasynyň “Mi5” modeli Hytaýdan başga ýurtlarda hem satuwa çykaryldy. 31-nji martda bu ýokary aýratynlykly telefon hindistanly alyjylara ýetirildi. Kompaniýanyň başlygy Bin Lin smartfonyň bahasynyň 400 dollardan pes boljakdygyny aýtdy. Telefon golaýda öz ata watanynda satuwa çykarypdy. Smartfony 18 million müşderi öňünden sargyt etdi. Enjamyň üç görnüşi bar. Onuň 64 gigabaýtlyk hem-de 32 gigabaýtlyk görnüşlerinde 3 gigabaýt RAM bar. Modeliň iň gowusynyň 128 gigabaýtlyk içki ýady we 4 gigabaýt RAM-y bar. Telefonlaryň üç görnüşi hem 4K wideoýazgy aýratynlygy bilen hödürlenýär. Şeýle hem 5,15 dýuýmlyk 1080p ekrany, 16 megapiksel yzky kamerasy we 4 megapiksellik öňki kamerasy bar.