• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Wi-Fi routeriniň gurnalyşy

Häzirki wagtda Wi-Fi routeriniň her-hili görnüşleri bar. Olaryň gurnalyşylary bir-birnden sähelçe tapawutlanýarlar.  Biz häzirlikçe Wi-Fi routerini gurnamagyň umumy düzgünine seredip geçeliň.

Ilki bilen  routeri komýutere baglamak üçin gerekli enjamlar bolmaly. Soňra aşakdaky gönükme boýunça dowam etmeli:

1.Kompýuterde islendik brauzeri (Mozilla, Opera, Google Chrome, Internet Explorer) açýarys we routeriň adresini ýazýarys. Ol ýerde siziň gurnamakçy bolýan routerňiziň gerekli bolan gönükdirmesi bolýar.

2. Soňra ulanyjynyň adyny we parolyny girizmeli. Routeriň kabir görnüşlerinde özüniň hususy paroly bolýar. Ol parol hälki giren internet sahypaňyzda  bolup biler.  Bulary girizip «Enter» ýa-da  «Отправить» düwmelerine basmaly.

3. Şulardan soň siziň oturan sahypaňyzda işçi sahypa açylar we  ol ýerden «WAN» syslkasyny tapyp, onuň içine giriň. Ol ýerde routeri düzmegiň anyk görkezmesi bolar.

4. Ol ýerden  birikmegiň görnüşini («тип подключение») saýlap , prowaýderiň gurnamasyny (настройки провайдера) girizmeli. Soňra bolsa hökmany  (Сохранить) ýatda sakla düwmesine basmaly.

5. Biziň indiki ädimimiz bolsa Wi Fi düzmesi (настройка Wi Fi) bolup durýar.  Oturan sahypamyzdan «WAN»,  «Wireless» (Беспроводная сеть) gözlemeli. Ol ýerde setiň adyny girizmli (SSID) we Wi Fi –niň açaryny girizmeli (выберете тип шифрование «WPA2-PSK» )  hemde, ýene-de ýatda sakla düwmesine basmaly.

Soňra gurluşy öçürip ýakmaly. Bu endiklerden soňra ähli gurnalyş  (настройка) tamamlanar. Bulardan soňra routeriň özüni belli bir ýerde ýerleşdirmek gerek. Onuň üçin routeri ähli ulanyjylara amatly bolar ýaly ortalyk bir ýerde ýerleşdirmeli. Routeri bezeg üçin stoluň üstünde, tekjelerde hem gurnap bolar.