• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Mediatek dünýäde iň tiz zarýad beriji enjamy hödürledi. Smartfon - 20 minutda

Örän ýakyn wagtlarda peýda bolar.

Taýwan kompaniýasy bolan Mediatek täze nesliň zarýad beriji enjamyny oýlap tapdy - Pump Express 3. Öndürijiler ony bazarda iň tizi hasaplaýarlar.

Mediatek tehnologiýasy smartfona 0-dan 70% çenli 20 minudyň içinde zarýad berýär. Ony deňeşdirmek üçin onuň konkurendi Qualcomm kompaniýasy tarapyndan QuickCharge 3 zarýad beriji enjamy LG G5 flagmanyna 35 minudyň dowamynda 85 göterim boldy.

Mediatek kompaniýasynyň şärikleriniň biri Ýu Jeffriniň tassyklamagyna görä, olar ulanyjylaryň telefonlaryny rozetka baglylykdan aýyrjak bolýarlar. Gitdigiçe smartfonlarda akkumulýatorlaryň göwrümini maksimal derejä ulaltmak agyrlaşýar, ýöne häzirlikçe onuň zarýadynyň tizligi gowulaşdyrylýar.

Pump Express 3 enjamynyň aýratyn tapawutlylygy onuň USB Type-C portunyň bolmagydyr. Spesifikasiýa görä, adapterden çykýan elektrik togy göni akkumulýatora barýar, ol bolsa dewaýsyň gyzmazlygyna mümkinçilik berýär.

Tiz zarýad berijiniň tehnologiýasy MediaTek Helio P20 prosessorynyň bazasynda işlär, ol bolsa şu ýylyň dowamynda çykar. Ilki bilen ol Sony, Lenovo, Huawei we Meizu smartfonlaryna el ýeterli bolar. Apple bolsa Mediatek bilen işleşmeýär.